Ata Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň ähli paslynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm ähmiýetli wezipedir. Çünki ýollarymyzyň asudalygy maşgalamyzyň abadanlygy, ömrümiziň rahatlygy bilen aýrylmaz baglydyr. Bu möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň öňünde mukaddes borç bolup durýar.
Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynda bellenilişi ýaly, pyýada ýolagçylar ýoly kesip geçenlerinde hökmany suratda ýol hereketiniň kadalarynda pyýadalar üçin bellenen talaplardan ugur almalydyrlar. Awtobuslara ýörite bellenilen duralgalarda garaşmalydyrlar. Awtobuslaryň öňünden aýlanyp geçmän, diňe yz tarapyndan ýörite bellenilen ýerden geçmäge rugsat berilýär. Esasan hem, pyýada ýol geçelgeleri ýa-da çatryk ýok bolsa, gatnawly ýoluň iki tarapyna-da oňat görünýän ýerinden ulaglaryň ýoklugyna doly göz ýetireniňden soň geçilmelidir. Pyýada ýolagçylar ýoluň gatnawly bölegine çykyp, eglenip ýa-da säginip, sürüjilere päsgelçilik döretmeli däldirler.
Ýeri gelende bellesek, ýakynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi dabaraly ýagdaýda açyldy. Täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini buýsançly bellemek gerek. Awtobanyň gurluşygynda ulanylan ýol belgileridir çyzgylar halkara hem-de Ýewropa ölçeglerine doly laýyk gelýär. Zerur ýerlerde dürli desgalar, köprüler, ýerasty geçelgeler, suw geçirijiler we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Goý, halkymyzyň abadan, parahat ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Döwran JUMAÝEW,
Türkmenabat şäher Polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.