XVIII-XIX asyrlaryň görnükli türkmen filosofy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda jemgyýetçilik-ahlak kadalaryna gabat gelmegi tebigydyr. Ata-babalarymyz myhmançylyk gatnaşyklary bilen bagly ”Myhman ataňdan uly”, ”Gonakly öýe gut geler”, “Myhman az otursa-da, köp synlar” ýaly nakyllary nesilden-nesle geçip gelmegi-de, türkmen halkynyň köküni has uzaklardan alyp gaýdýan myhmansöýerlik däbiniň ýokarydygyny açyp görkezýär.
Myhman güler ýüz, açyk köňül bilen “Hoş geldiňiz!”,”Gelen – döwlet!”, “Geliň-geçiň myhman!” ýaly mähirli aýtgylar bilen kabul edilýär. Magtymguly Pyragynyň “Göze myhmandyr” goşgusynda:
Gelen aş diýip gelmez, turşatmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir , söze myhmandyr.
– diýip, myhmançylykda ýa-da myhman gelende hoş zybanly, mylakatly bolmagy ündeýär. Gelen myhman bilen saglyk-amanlyk, hal-ýagdaý soraşmak edepliligiň ilkinji alamaty. Myhmansöýerlik edep-kadalaryny wagyz ediji Magtymguly Pyragy “Meýdan ýoluksa“ goşgusynda:
Mert çykar myhmana güler ýüz bilen
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.
– diýip, gelen myhmany açyk gujak bilen garşylamagyň örän möhümdigini belleýär.
Myhman almaklygyň we myhman bolmaklygyň özboluşly aýratynlyklary bar. Onda öý eýesiniň we myhmanyň borçlary hem-de özlerini alyp barmagyň düzgünleri biri-birinden tapawutlanýar. Gelen myhmana öý eýesi öýüniň töründen orun berýär. Myhman özüni arkaýyn duýar ýaly ähli şertleri döredýär. Öý eýesi öz myhmanynyň tanyşlygyna, nätanyşlygyna seretmezden, ony mertebeli garşy alýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýugrumy ýeten setirler dürdäne paýhaslara öwrülip, halka ýoda-ýörelge bolmak hyzmatyny, beýleki şahyrdyr-ýazyjylara görelde mekdebi hyzmatyny ýerine ýetirip gelýär. Onuň döredijilik örüsi örän giň, howasy arassa. Dana şahyr durmuşyň haýsy ugry boýunça söhbet açsa-da, onuň kalbynyň töründen syzylyp çykan setirleri dertlere derman bolup ýaňlanýar. Ol sesleri eşiden ýazyjy-şahyrlar öz döredijiliginde onuň gizlin ýatan şekilini berýärler.
Dinara IŞÇANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.