Pähimdar ata-babalarymyzyň akyl eleginden döräp, biziň şu günki günlerimize çenli gelip ýeten, «Dil bilen dünýäni gezer», «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» ýaly atalar sözleridir nakyllar gadymyýetden bäri dil we ony öwrenmeklige aýratyn üns berlendiginden habar berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bu günki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, durmuşa geçirilýär.
Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi hasaplanýar. Şeýle hem daşary ýurt dillerini bilýän hünärmen dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly bolýar. Munuň özi ylym-bilimde hem möhüm ähmiýete eýedir. Diliň özi pikirleniş bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dil bilýän ýaşlaryň pikirlenişi hem ösýär, ylym-bilime bolan garaýşy kämilleşýär.
Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirmek bilen baglanyşykly özgertmeleriniň çäklerinde bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmeklerini gazanmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin hem ähli zerur şertler döredilýär.
Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni, ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda dil biliminiň uly ähmiýeti bardyr. Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir.
Bilim hakyndaky alada ýaşlar hakynda aladadyr. Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, kämilleşmegi, hünär öwrenmegi, döredijilikli zähmet çekmegi, dynç almagy, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, ýürekde beslän arzuwlaryna ýetmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär.
Orungül MÄMETNIÝAZOWA,
Saýat etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.