Milli mirasymyza sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gadymy saz gurallarymyzyň belentden ýaňlanýan owazlary toý-baýramlaryň bezegi bolup, baky bagtyýarlygyň ruhy deý ýaňlanýar. Türkmeniň gözbaşyny Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýan gadymy 72 saz gurallarynyň owazy täze taryhy döwrümizde has-da belentden ýaňlanýar.
Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa…» atly kitabynda: «Bir wagtlar köşk dabaralarynda, halk baýramçylyklarynda we harby ýörişlerde ýaňlanan türkmenleriň 72 sany saz guralynyň arasynda diňe käbiri, çarwa durmuşy üçin amatlylary ýaramly boldy…» diýip, türkmeniň baý saz sungatynyň bolandygyny düşündirýär.
Taryhy maglumatlara görä, Türkmenistanyň çäklerinde dürli ýyllarda geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda täsin şekiller bilen sünnälenip ýasalan saz gurallary tapyldy. Köne Nusaýdan tapylan ritonlar, gadymy Köneürgenç ýadygärliginden tapylan şekiller, gadymy Merwden tapylan toýundan bişirilip ýasalan täsin saz gurallarynyň heýkelleri onuň mysaly. Ýüze çykarylan gymmatly eksponatlar etnografiýa ylmy esasynda öwrenilip, halk köpçüligine ýetirildi.
Her bir halkda bolşy ýaly, ajaýyp sesi bilen tapawutlanan saz gurallarymyzyň biri-de deprekdir. Aslynda, her bir saz guralyny ýasamagyň täsin ýoly bar. Bu işde ezber ussalar özleriniň zehin-başarnygyny gaýgyrmandyrlar. Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa…» atly kitabynda: «XIX-XX asyrlarda halk saz gurallarynyň örän täsin nusgalary Gulgeldi ussa, Mämmetmyrat ussa, Hümmet ussa, Seýitmämmet ussa, Pürli Annasähet, Geldi Ugurlyýew ýaly görnükli ussalar tarapyndan döredildi» diýip nygtaýar. Görnükli halypalaryň ussaçylyk hünäri nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde-de öz ornuny tapýar.
Milli mirasymyz we saz sungaty bilen bagly täsin tapyndylary gorap saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek hem-de öwretmek ugrunda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle başlangyçlar goldanylyp, ýurdumyzyň welaýatlarynda etnografiýa gözlegler geçirilýär. Gözlegleriň dowamynda döwletimiziň ähli welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän medeni we taryhy ýadygärlikler ylmy esasda öwrenilýär hem-de gymmatly maglumatlar toplanylýar.
Annagül PIRIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy.