Siziň üçin...

Bagtyýar durmuşyň gül-gunçalary

22-04-2024 / 6

Balajyklaryň şadyýan gülküleri dünýäniň iň uly gymmatlygyna deňelýär. Ine, şeýle ýörelgä eýerilýän ýurdumyzda körpe nesil hakynda döwlet derejesinde çäksiz uly aladalar edilýär.

Baryp-ha ir döwürlerde türkmen öýünde perzent dünýä inenden aýratyn aladalar edilip, öýüň ulusynyň-kiçisiniň bar ünsi çagada bolupdyr. Ak öýüň töründe bäbejik üçin ýörite sallançak gurlupdyr. Sallançak çalaja üwrelip, çaga rahat ýatyp, ukusyny alar ýaly şert döredilipdir. Ene özüniň perzendini: «Meniň balam aý ýaly, Aýa-Güne taý ýaly» diýen ýaly mylaýym, hoşamaý sözler bilen taryplap hüwdüläpdir. Gyz perzendiniň asylly, edepli-ekramly bolmagyny, ogul perzendiniň batyr, edermen, dogumly bolmagyny arzuw edip, özüniň ýürek owazy bilen beýan edipdir.

Akyldarlaryň biri öz döwründe: «Siz terbiýeleýän perzentleriňize öz mähriňizi, söýgiňizi geçirip bilseňiz, olardan şonça-da mähir alyp bilersiňiz» diýen ýazgyny galdyrypdyr. Görşümiz ýaly, bu aýdylan ajaýyp jümle ene-mamalarymyzyň durmuşyň dürli synaglaryndan geçen paýhasly pikirleri bilen gabat gelýär. Munuň özi ene-atalaryň, islendik uly adamlaryň çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet berip, özleriniň örän mähirli bolmalydyklaryny aňladýar.

Binýady halallykdan tutulan täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesil barada bimöçber aladalar edilýär. Olaryň sagdyn bedenli, kämil ruhly, bilimli, ylymly, arassa ahlakly, ynsanperwer, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Çaga terbiýesine ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz hem uly üns beripdirler.

Körpe nesillerimiziň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar ýaş raýatlaryň — biziň arzuwlarymyzyň we bagtyýar geljegimiziň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Sähra GURBANOWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu