Halkymyzyň bedew atyna goýýan hormaty ajaýyp döwrümizde ýene bir mertebe belende galdy. Muny Garaşsyzlyk ýyllarynda baharyň iň ajaýyp günleriniň biriniň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanmagy, atçylyk sportuna bolan ünsüň barha ýokarlanmagy, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda atçylyk toplumlarynyň gurlup, olarda gadym döwürlerden bäri tohumy ýitirilmän gelinýän ahalteke bedewlerimiziň idedilmegi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýaly işler hem görkezýär.
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde atçylygyň we atly sportuň dürli ugurlary boýunça bu ugurdan ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak, ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy taýdan düýpli öwrenmek maksady bilen, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň gurluşygy dowam edýän täze dolandyryş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi hem-de Ylmy-önümçilik merkezi gurulýar. Şeýle hem türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berlip, olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar. Olimpiýa stadionyndaky atyň heýkeliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa buýsançly başymyzy göge ýetirdi.
Şu ýerde il içinde aýdylyp gelinýän bir rowaýata ýüzleneliň. Nesilbaşymyz Oguz han ömrüni paýawlap, demini sanap ýatyrka, ogullaryny ýanyna çagyryp:
— Ogullarym! Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň! Birinjisi — Watany, ikinjisi — ata-enäni, üçünjisi bolsa — aty — diýipdir.
Görnüşi ýaly, bu rowaýata siňen hakykat ata-babalarymyzyň ýaşaýşynyň, durmuş mazmunynyň, Watan düşünjesiniň bedewler bilen baglydygyny äşgär edýär. Şeýle hakykatlar Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.
Bedew — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ganaty! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň zynaty! Şeýle ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan behişdi bedewlerimiziň baýramy bu gün ýurdumyzda uludan bellenýär. At çapdyrylýar, altyn gabak atdyrylýar.
Göwher SAPARBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 2-nji Çagalar sungat mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy.