Siziň üçin...

Suw damjasy — altyn dänesi

19-04-2024 / 26

Ata-babalarymyz agyz suwuny ýöne ýerden gymmatly baýlyga deňemändirler. Arassa agyz suwy saglygyň girewi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanypdyr. Saglyk — ynsanyň başynyň täji. Içimlik suw bolsa adamzat ýaşaýşynyň ilkibaşdaky döwürlerinden bäri üns merkezinde saklanyp gelýär. Häzirki wagtda ol dünýä derejesinde iň wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Sebäbi Ýer togalagynyň üçden iki bölegini suw tutýan-da bolsa, onuň içmek üçin ýaramlysy üç göterimden aňry geçenok. Şonuň üçin ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek we ýerasty, ýerüsti içimlik suwlardan rejeli peýdalanmak, suwuň hapalanmagynyň öňüni almak ýaly meseleler dünýä döwletleriniň öňünde derwaýys mesele hökmünde örboýuna galdy.

Ýurdumyzda 2010-njy ýylyň oktýabrynda «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň 14-nji maddasynda: «Türkmenistanyň çäginde her bir adama bellenilen hil kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän mukdarda agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär» diýlip bellenilýär. Şundan görnüşi ýaly, ýurdumyzda her bir raýatyň arassa agyz suwy bilen üpjün bolmaga doly hukugy bardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkyň saglygy bilen baglanyşykly meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki arassa howanyň, arassa agyz suwunyň we arassa iýmitiň bar ýerinde sagdyn ýaşaýyş höküm sürýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň etraplarynyň, şäherçeleriniň her birinde agyz suwuny arassalaýjy desgalary gysga döwürde gurmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, adam be­de­nin­de beý­ni­niň 85 gö­te­ri­mi, ga­nyň 80 gö­te­ri­mi, myş­sa­la­ryň 70 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat. Gü­nüň do­wa­myn­da adam bedenin­de der­le­mek, dem al­mak, gep­le­mek we pe­şew ýo­ly ar­ka­ly 2 lit­re go­laý suw ýi­ti­ril­ýär. Be­de­niň ýit­gi­si­niň öwe­zi­ni dol­mak üçin her gün 2 litr­den gow­rak aras­sa suw iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Çün­ki suw – ýa­şaý­şyň çeş­me­si.
Su­wuň be­de­ne ýe­tir­ýän tä­sir­le­ri­niň bir­nä­çe­si­ni sa­nap ge­çe­liň! Suw de­ri­ni nemlendir­ýär; be­den tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny saz­la­ýar; zy­ýan­ly mad­da­la­ry be­den­den daşy­na çy­kar­ma­ga ýar­dam ed­ýär; ga­nyň üs­ti bi­len be­de­niň äh­li ýe­ri­ne kis­lo­rod paý­la­ýar; myş­sa­la­ry iş­jeň­leş­dir­ýär; böw­rek­de daş ýyg­nan­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar; iýmit siň­di­riş ul­ga­my­nyň işi­ni saz­la­ýar we gö­reç­le­ri nem­len­dir­ýär.

Halkymyzda «suw damjasy — altyn dänesi» diýilýär. Onuň bedenimiziň sagdynlygyny üpjün etmekdäki wajyp orny barada pikir edeniňde, ata-babalarymyzyň bu aýtgysynyň tüýs ýerine düşendigine göz ýetirýärsiň.

Ogulgözel AMANOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň farmakalogiýa mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu