Indi köp asyrlardan bäri dünýä medeniýetiniň ajaýyp bölegine öwrülen Türkmenistanyň ýadygärlikleri dünýä halklarynyň nazaryny özüne çekip gelýär. Çünki gadymy türkmen topragy köp asyrlyk taryhyň hem-de beýik geçmişiň mekany hökmünde tanalýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25-26-njy aprelinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary bilen guralar.
Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy maslahatyň esasy maksady dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, halkara giňişligine giňden ýaýmakdan ybaratdyr.
Halkara ylmy maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem daşary ýurtlardan taryhçylaryň, arheologlaryň, gündogary öwrenijileriň we ýaş alymlaryň, ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bilşimiz ýaly, Amul häzirki Türkmenabadyň eteginde ýerleşýän uly orta asyr şäheridir. Amulyň geografik ýerleşişini Orta Amyderýanyň Kelif, Zemm, Nawidah we Farap ýaly beýleki dört şäheriniňki ýaly, amatly güzer ýeri kesgitläpdir. “Amul” adynyň gelip çykyşy entek kesgitlenmedik; XV asyryň ahyryndan bu at Çärjew ady bilen çalşyrylýar. Şeýle-de bolsa, XVIII – XIX asyryň Ýewropa kartalarynda käwagt onuň öňki “Amul” adyny görmek bolýar.
Şöhratly taryhymyza çuňňur sarpa goýup, türkmen nesline ylym äleminde giň ýollary açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maral HOJAGULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.