«Xiaomi» kompaniýasy ilkinji awtomobili «SU7»-niň satuwynyň başlamagy bilen bir wagtda täze brendini hem hödürlemegi makul bildi. Täze «Xiaomi Life» brendi ýokary hilli periferiýa gurluşlaryny we aksessuarlaryny döretmek bilen meşgullanmaga başlar diýip, «gazeta.ru» habar berýär.
«Xiaomi Life» önüm hatary bir umumy häzirkizaman stilinde ýerine ýetiriljek egin-eşikleriň, başgaplaryň, moda aksessuarlarynyň, sumkalaryň we rýukzaklaryň ähli görnüşlerini öz içine alar. Ilkinji önümleriň arasyndan, takmynan, 12 ýewro ak ýa-da gara köýnekçäni, polo-köýnekçesini, birnäçe kepkalary we torbalary bellemek bolar. Bu brendiň döredilmegi «Xiaomi» -niň ilkinji elektromobiliniň töwereginde tutuş bir jemgyýeti döretmek synanyşygy ýaly diýsek hem ýalňyşmarys.
«TürkmenGazet».