Siziň üçin...

Magtymgulynyň terbiýe mekdebi

17-04-2024 / 7

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Çünki şahyryň döredijiligi öwüt-ündew bilen baglanyşyklydyr, milli terbiýäniň belent nusgasydyr.

Öwüt-ündew häsiýetli goşgularyň üsti bilen milli terbiýe mekdebi kemala gelýär. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatyň ýaşlaryň kämil şahsyýet bolmaklarynda uly ornunyň bardygy edebiýatçy alymlar tarapyndan bellenilýär. Ýaşlaryň kämil şahsyýet bolmaklarynda ylym-bilimiň örän uly orny bardyr, çünki bilimli ynsan kämil şahsyýetdir, watansöýüji adamdyr. Şeýle watansöýüji ynsany terbiýelemekde hem çeper edebiýatyň, kitabyň orny uludyr. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýaşlara okatmak, oňa düşünmeklerini gazanmak ähmiýetlidir.

Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Akyldar şahyr şygyrlarynyň üsti bilen Watana bolan söýgini, baý geçmişimizi, däp-dessurlarymyzy, görüm-göreldäni, ahlaklylygy, agzybirligi çeper wagyz edýär. Şahyr goşgy setirleriniň üsti bilen agzybirligi, jebisligi, bütewiligi, gaýduwsyzlygy ündäpdir. Magtymguly Pyragy agzybirligi türkmen halkynyň abadançylygynyň girewi diýip düşünipdir. Magtymguly Pyragynyň islendik şygryny okanyňda, ol ýüregiň töründe orun alýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr.

Nurana JORAÝEWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu