Gündogar alymlarynyň arasynda Muhammet bin Ahmet Gazaly (1058 — 1111) örän uly meşhurlyga eýedir. Muhammet Gazaly Beýik Seljukly türkmen döwletinde açylan Nyzamyýa medresesinde ders beren alymdyr. Şol döwrüň şertlerinde Nyzamyýa medreseleri orta asyryň uniwersitetleri hasaplanypdyr. Gazaly ýurduň iň abraýly okuw mekdebi bolan Bagdat medresesinde dört ýylyň dowamynda ders beripdir. Bagdatdan gidenden soň Nyzamyýa medresesinde Gazalynyň ornuny hiç kim tutup bilmändir. Gazalynyň iň meşhur eseri “Ihýa ulumid-din” atly kitabydyr. Bu kitap fykh we tasawwuf ylymlarynyň pelsepewi meselelerini öz içine alýar we jemi kyrk kitapdan ybaratdyr. Gazaly eseriniň başynda “Ylym baradaky kitaby” ýerleşdiripdir.
Alym we ylym sözleri özara baglanyşykly bolup, arap dilinde ikisi hem bir kökden gelip çykandyr. Bir kökden gelen bu sözleriň aňyrsynda çuňňur many bardyr. Alym Gazaly eserinde hakyky alym barada jaýdar aýdylan sözleri getirýär: “Kim öwrense, öwrenen zadyna amal etse we öwrenen zadyny başgalara öwretse, ol many äleminde beýik adam saýylýar. Onuň mysaly Gün ýalydyr. Günüň özi ýagtydyr we başgalara ýagtylyk berýändir. Onuň mysaly hoşboý ysly müşk ýalydyr. Müşküň özüniň hoşboý ysy bar we ol özgelere ýakymly ys ýaýradýar”. Gazaly eserinde ylym öwrenmegiň edeplerini beýan edipdir. Ol ahlagy bozujy nebisden we oňlanylmaýan zatlardan päklenmelidigini ýazypdyr.
Gazaly tutuş göwräň bilen ylma berilmeseň, ylym bir bölegini hem bermez diýip ýazypdyr. Ol: “Munuň özi çeşmäniň suwunyň bir böleginiň ýere siňişi we beýleki bir böleginiň asmana bugaryşy ýalydyr. Çeşmäniň galan suwuny ekerançylyk üçin ulanýarlar” diýip beýan edipdir. Şeýle-de, onuň eserinde ylmy möhüm zat hasaplamalydygy, ylym öwrenmek işiniň jylawyny tutuşlygyna mugallymyň ygtyýaryna bermelidigi we onuň nesihatlaryna tabyn bolmalydygy ýazylypdyr. Gazaly: “Munuň özi dertden habary bolmadyk syrkawyň ökde we mähriban tebibiň nesihatyna tabyn bolşy ýalydyr” diýip beýan edipdir. Eserde mugallymyň derejesi mertebelenip: “Ata-ene çaganyň pany dünýä gelmegine, mugallym bolsa, onuň ebedi bagtyýar bolmagyna sebäpkärdir” diýlip ýazylypdyr.
Gazaly eserinde mugallymyň ylym tohumyny ekip aljak peýdasynyň ýer eýesiniň aljak peýdasyndan köpdügini belläpdir. Gazaly mugallymçylyk käriniň inçe syrlarynyň biriniň talyby ýaramaz ahlaklaryň täsirine düşmekden saklamalydygyny ýazypdyr. Ol mugallymyň bu wezipäni gödeklik bilen däl-de, eýsem mylaýymlyk bilen berjaý etmelidigi, gödeklik bilen hereket edilse edebiň bozulýandygy we talypda mugallyma gaýtawul bermek duýgusyny döredýändigi beýan edilipdir. Şeýle-de, talyba bir ylmy öwredýän mugallymyň başga bir ylmy öz öwredýän ylmyndan pes derejeli diýip ündemeli däldigi bellenilipdir.
Muhammet Gazaly gowşak talyba aňyna laýyk bolan aňsat sapak berilmelidigi we: “Seniň aňlap bilmejek kyn meseleleriň hem bardyr” diýip, ony howpa düşürmekden saklamalydygyny ýazypdyr. Ol eger şeýle edilse onuň ylma bolan höwesini oýandyrjakdygyny, zehinini janlandyrjakdygyny beýan edipdir.
Gazaly mugallymyň kämillige ýetmegi üçin üç häsiýetiň jemlenmelidigini, ýagny, ylym öwretmäge sabyrlylyk, pespällik we gözel ahlaklylygyň bolmalydygyny ýazypdyr. Talypda bolsa akyl, edep we düşbülik häsiýetleri jemlense, kämillige ýetişjekdigini beýan edipdir.
Merýem MEREDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.