Siziň üçin...

Gadyr gijesiniň sahawaty

09-04-2024 / 3

Halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet derejesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Mukaddes Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze metjitleriň açylmagy, şeýle hem 5-nji aprelde Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dürli ir-iýmişlerden, miwelerden, süýjüliklerden ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Merkezde bejergi alýan, saglygyny dikeldýän ýaşajyk nesliň wekilleriniň bu mukaddes aýyň mübärek gijesiniň sahawatyndan paýly bolmaklary özboluşly many-mazmuna eýedir. Çünki gelip gowşan ter miwe önümleri, datly süýjülikler bagtyýar çagalarda uly şatlyk, egsilmez hoşallyk döretdi. Olary çagalara gowşurmak çäresi köpöwüşginli çykyşlar bilen utgaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hem süýjülikleriň, miweleriň, ir-iýmişleriň sowgat hökmünde iberilmegi halkymyzyň haýyr-sahawata ýugrulan asylly ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň sahawatyndan göwünleri galkynan çagalar aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirmek, joşgunly goşgulary aýtmak bilen, berkarar döwletimizi, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy, durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleri wasp etdiler.

Aýlaryň serweri Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna berlen sowgatlardan ýürekleri egsilmez buýsanja beslenen ýaşajyk nesilleriň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etmegi buýsandyryjydyr,

Gülmira EKÄÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu