Siziň üçin...

Akyldar şahyrymyzyň watançylyk kelamy

08-04-2024 / 3

«Berkarar döwlet islärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe eden arzuwlary bu günki gün hakykata öwrüldi. Eziz Watanymyzyň binýady gaýym guruldy.

Hyýalynda Zeminiň myhy ýaly sarsmaz türkmen binasyny guran akyldar şahyrymyz il-halkyň derdi bilen ýaşaýan şahsyýet bolansoň, berkarar döwletli bolmak arzuwy onuň hemişelik hemrasy bolupdyr. Şahyr, il içinde aýdylyşy ýaly, «öz-özi bilen söhbet gurupdyr». Okan eserlerinden, alan terbiýesinden, gözüniň görüp, akylynyň kesdiginden Watan gymmatyny kesgitläpdir.

Watan mertebesi merdi-merdanalaryň mertebesine daýanýar. Mert ýigitler Watan üçin hiç zatdan, hatda şirin janyny orta goýmakdanam gaýtmaýar. Halkyň döwletli bolmak islegi akyldar şahyryň baş temasy bolupdyr. Watan, ýurt, dogduk depe, il, halk, bitewülik baradaky setirleriň hemmesi şahyryň döwlet bolmak arzuwlarynyň beýanydyr.

Akyldar şahyr bir hakykata aýdyň göz ýetiripdir. Watan – mukaddes. Şonuň üçin hem Watany mertebelän gerçekler, Watan üçin gara başyny orta goýup, gerek ýerinde şirin janyndan geçen gerçekler baky diridirler. Halk olara hakydasynda hemişelik ömür beripdir. Şahyr mertlik-namartlyk, edermenlik-ýöwsellik meselesinde diňe Watana bähbitlisini wagyz edipdir.

Watan mertebesi beýikdir. Berkarar döwletde ýaşamagyň arzuwynda we milleti şol ajaýyp maksadyň daşynda merdana watançylyk ruhy bilen jebisleşdiren akyldar şahyrymyzyň mertebesi Watan mertebesi ýaly müdimidir.

Başmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 3-nji ýyl harby talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu