Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmegiň, ýaş nesillere döwrebap bilim, terbiýe bermegiň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünlerini berkidýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli bilim özgertmelerini dowam edip, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri bitirýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak ýaly wezipeler hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärlik maksatnamasyndan gözbaş alýar: «Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir».
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmeleriniň miwelerini her ädimde görmek bolýar. Bu günki gün paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde häzirki zaman bilim ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim hem-de döredijilik merkezleri yzygiderli gurlup, olar döwrebap okuw tehnologiýalary, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, giň düşünjeli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gurbanjemal ATAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.