Siziň üçin...

Saglygyñ gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun

03-04-2024 / 23

Täze taryhy döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, akyl taýdan kämil, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda her bir sapagy dürli usullarda gyzykly, kämil guramak, netijeliligini ýokarlandyrmak, çagalaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak terbiýeçä bagly bolup durýar.

Durmuşyň her bir meselesinde pähim-paýhasy ileri tutýan ata-babalarymyz nesillere çagalykdan milli häsiýetde terbiýe bermäge çalşypdyrlar. Olaryň sagdyn bedenli bolup ýetişmegi we watançylyk duýgularynyň belent bolmagy dogrusynda alada edipdirler. Bu babatda milli oýunlaryň ähmiýeti örän uly bolupdyr. Milli oýunlar dürli-dürli bolup, olaryň döreýiş taryhy gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Çaga doglanyndan onuň fiziki we aň ösüşine üns berlipdir. Ýaşajyk bedende hereket işjeňligini artdyrmak, aňyny ösdürmek maksady bilen birnäçe hereketli oýunlar döredilipdir.

Öňden gelýän milli oýunlaryň her biri hakda gyzykly, täsirli söhbet etmek mümkin. Çünki islendik oýun adamlary bir-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Hatda däbe öwrülen milli oýunlar bolýar. Mysal üçin, toýlarda oýnalýan oýunlary alyp göreliň! Göreş toýlarymyzyň iň şüweleňli milli oýunlarynyň biridir. Ýaglyga towusdy, at çapdyrmak hem edil şular ýaly häsiýete eýedir. Milli oýunlar biziň häzirki bagtyýar döwrümizde-de toý-baýramlarymyza şatlyk paýlaýar, şüweleňini artdyrýar. Munuň özi, ata-baba dowam edip gelýän milli ýörelgäniň bu gün il içinde uly gyzyklanma tapýandygyny görkezýär.

Milli oýunlar çagalaryň birek-birek bilen agzybirlikli, dostlukly gatnaşyklary saklamagyna oňyn täsir edýär. «Çapak-çapak elleri», «Aýterek-günterek», «Bäş daş», «Ýaglyga towusdy» ýaly hereketli oýunlar we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti hakda ýene-de gyzykly söhbet etmek mümkin. Çünki şeýle oýunlar miras hem milli pedagogikadyr, sport hem sagdynlykdyr. Olary ýaş nesle öwretmek, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek bolsa milli pedagogikanyň täzeçe öwüşgin bilen dowam etmegidir.

Ziwar RAHIMOWA,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu