«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyzyň şanly wakalara beslenýän şu taryhy günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi köňül buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Bu ajaýyp eser baý many-mazmuna eýe bolmak bilen, üç bapdan, «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat. Kitaby okanyňda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň medeni mirasyna goýýan uly sarpasyny duýmak bolýar.
«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilipdir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni gürrüňsiz özüne çeker. Kitapda dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmegiň, aýawly saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy nygtalýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan täze eseriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda halkymyza ýetirilmegi döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny şöhlelendirýändigi bellärliklidir. Çuň many-mazmuna ýugrulan eserleri döredip, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Zülpizer BAÝPOLATOWA,
TDP-niñ Köýtendag etrap komitetiniň statisti.