Siziň üçin...

Dil – halkyň ruhy baýlygy

05-04-2024 / 5

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde millilige, ylym-bilimiň döwrebap ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ene dilimizi we daşary ýurt dillerini kämil ylmy esasda öwrenmeklerine döredilýän mümkinçilikler has-da guwandyryjydyr.

Dil halkymyzyň ruhy baýlygy bolmak bilen bir hatarda ol möhüm aragatnaşyk serişdesidir, dostlugyň gözbaşydyr. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şonuň üçin ýaş nesillerimize ene dilini we daşary ýurt dillerini öwretmek diňe bir mugallymlaryň borjy bolman, eýsem, terbiýeçileriň, ata-eneleriň  esasy wezipeleriniň biridir. Ýaşlaryň öz ene dilinden başga-da, birnäçe daşary ýurt dillerini suwara bilmegi bilim-terbiýeçilik ulgamynda esasy wezipeleriň biri hökmünde öňe sürülýär. Dünýä döwletleri bilen dostlukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi daşary ýurt dillerini gowy bilýän ýaşlaryň, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna zerurlyk döredýär. Çünki dünýä halklarynyň dillerini öwrenmek dünýä medeniýetine, kämil ylym-bilim älemine aralaşmaga uly mümkinçilikdir, giň dünýägaraýşyň açarydyr. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde nakyllary, matallary ulanmak uly ähmiýete eýedir. Olar halkyň ýaşaýyş-durmuşyna, sözleriň manysyna giňişleýin düşünmäge ýardam berýär. Daşary ýurt dilinde dürs sözleýiş endikleri özleşdirilýän döwründe sözleri dogry ulanmak üçin bir dilden beýleki dile dürli sözleri, söz düzümlerini terjime etmek täsirli serişdeleriň biridir.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem çagalar baglary  üçin daşary ýurt dilleriniň aýratynlyklaryny nazara alyp, okuw maksatnamalaryny, gollanmalary hem-de sözlükleri taýýarlamak bu ugurda durmuşa geçirilmeli işleriň aýratyn bölegi bolup durýar. Biz hem çagalar bagymyzda körpeleriň dil taýýarlygynyň, dil baýlygynyň kämil bolmagyny gazanmakda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny peýdalanýarys. Munuň özi oňyn netijäni bermek bilen, körpeleriň dil baýlygynyň ösmegine örän ähmiýetlidir. Ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin  sapaklarda multimedia tagtalary, kompýuterleri işjeň ulanýarys. Işimizi ýeňilleşdirýän bu tehnologiýalar körpeleriň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmeklerine örän uly täsir edýär.

Goý, ýurdumyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Annagül ÝAÝLANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar bagynyň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu