Uly üstünliklere beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň aprel aýynyň ilkinji günlerinden giňden ýaýbaňlandyrylan Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Güneşli Diýarymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygy hakyndaky hakykat Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän medeni-sport, wagyz-nesihat çäreleriň, dabaralaryň mazmunynda we gyzgalaňly geçen sport ýaryşlarda aýdyň şöhlelendi.
Sport — bu sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we gözelligiň çeşmesidir. Çünki sport işjeňligini durmuş ýörelgesine öwren ynsanlaryň ukusynyň rahat, iýmit siňdiriş ulgamynyň we saglygynyň kadaly bolýandygy ylymda hem-de tejribede subut edildi. Sport bilen meşgullanýan, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirýän ynsanyň durmuşynda ruhubelentlik, zähmetinde işjeňlik, netijelilik aýdyň duýulýar.
Sport işjeňligi durmuşda duş gelýän köp sanly ruhy we fiziki dartgynlylyklary aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek edýär. Şeýle hem bedenterbiýe maşklary adamyň myşsalaryny ösdürýär, gan aýlanyş ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Bedeniň immun ulgamyna, saglyk ýagdaýyna oňyn täsir edýär.
Ýurdumyzyň raýatlary sportuň dürli görnüşleri boýunça etrap, welaýat, ýurt, halkara derejelerinde geçirilýän çärelere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ildeşlerimiziň dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Gözel Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Guwanç REJEPOW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň müdiriniň orunbasary.