Bagtyýar nesilleri ýaşlykdan terbiýeläp ýetişdirmekde çagalar bagy hem, maşgala hem deň-derejede jogapkärdir. Terbiýeçi çagalary terbiýelemekde ata-enäniň esasy wezipesini ýerli mysallara salgylanmak bilen beýan etmelidir. Çagalar baglarynyň işgärleri ata-eneleriň arasynda häli-şindi dürli terbiýeçilik işlerini geçirip durmaly. Çagalar bagy, ata-eneler we maşgalanyň ähli uly ýaşly agzalary sazlaşykly hereket edip, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek baradaky umumy işde birleşen tagallalar netijesinde öňde goýlan maksada ýetmek bolýar.
Çagalar bagynyň maşgala bilen bilelikdäki işleri ata-eneler guramasynyň işi bilen esaslandyrylýar. Ata-eneler guramasy degişli düzgünlere laýyklykda döredilýär we çagalar bagynda umumy hem-de her toparda aýratynlykda döredilýär.
Ata-eneler guramasynyň işi bilen birlikde, topar otaglarynda ata-eneler burçy hem hereket edýär. Onuň hem degişli üç bölüminde ata-eneleriň dykgatyna ýetirilmegi wajyp hasaplanylýan maglumatlar ýerleşdirilýär. Ata-eneler guramasynyň işi tassyklanylan meýilnama esasynda alnyp barylýar, geçirilýän çäreler, ýygnaklar, beýanlar, ýazgylar arkaly resmileşdirilýär we ýörite bukjada saklanýar, şeýle hem her toparda ata-eneler bilen bilelikde geçirilýän işleriň depderi ýöredilýär. Bularyň özi çagalar bagynda maşgala bilen bilelikdäki gatnaşyklary guramagyň usulyýetiniň kadalaryny dogry we netijeli alnyp barylýandygyny görkezýär we bu işiň ýokary ähmiýetlidiginden habar berýär.
Mekdebe çenli çagalar edarasynyň gün tertibi çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, degişli usulyýete we tejribä daýanylyp işlenilip düzülen. Şoňa görä-de, bu gün tertibiň öýde hem dowam etdirilmegi ýokary ähmiýete eýedir. Ýagny çagalaryň wagtly-wagtynda kadaly iýmitlendirilmegi, dynç almagy, gezelençleriň guralmagy öýde hem maşgala tarapyndan talabalaýyk guralsa çagalaryň irki ösüşini mynasyp derejede gazanmak bolar. Şonuň üçin hem ata-enelere gün tertibiniň talaplaryny berjaý etmegi we çagalaryň irki ösüşine jogapkärli we tutanýerli çemeleşmegi maslahat berýäris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň ähli taraplaýyn sazlaşykly guralmagy, hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys.
Bahar TARHANOWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.