Siziň üçin...

Saglyk bolar bu durmuşyň gözbaşy

7-nji aprel - Bütindünýä saglyk güni

01-04-2024 / 6

1948-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 7-nji apreli Bütindünýä saglyk güni diýip yglan edýär. Bu baýramy bellemeklik 1950-nji ýyldan bäri dünýä ýurtlarynda uly däbe öwrüldi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 194 sany döwletiň agzalygyndan ybaratdyr. Onuň esasy baş  wezipesi dünýä ilatynyň saglyk meselelerini çözmekdir. Häzirki zaman durmuş şertlerinde saglygy goramak we berkitmek meseleleri has-da möhüm hasaplanýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bu günde dünýä ýurtlarynyň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar toplumyny çap edýär we hasabat esasynda çagalaryň, şeýle-de täze doglan çagalaryň saglyk ýagdaýlary, dürli keseller, akyl saglygy hem-de daşky gurşaw ýagdaýlarynyň täsirinde ýüze çykýan näsazlyklary barada maglumatlary jemleýärler. Alnan maglumatlar esasynda saglyk ýagdaýlara gözegçilik etmek ulgamlarynyň çäginde  degişli çäreler alyp barýarlar.

BSGG-niň kesgitlemesine görä, saglyk we sagdyn durmuş ýörelgesi näme? Saglyk diňe bir keselleriň ýa-da fiziki faktorlaryň ýoklugy däl-de, eýsem, doly beden, ruhy we durmuş abadançylygydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň keselleriň öňüni almak we saglygy berkitmek maksady bilen berjaý edýän hereketleri, adata öwrülen ýaşaýyş endigidir.

Şanly sene mynasybetli biziň ýurdumyzda-da sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri dürli çärelerdir, ýaryşlar Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle möhüm çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň sagdyn beden, sagdyn ruhly ilatynyň gelejekde-de sagdyn nesilleri kemala getirmeginiň esasy kepilidir.

Jumadurdy SAŞLYÝEW,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniñ ultrases lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu