Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almagyna giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Nesil terbiýesini bermekde bolsa möhüm wezipeler bilim işgärleriniň üstüne düşýär.
Diňe çagalara edep-terbiýe bermekde däl-de, eýsem, islendik ýaşdaky adamlaryň bir işden netije çykarmakda uly goldaw berýän jümleler bolsa nakyllar, atalar sözi bolup durýar. Halk döredijilik eserleri özüne siňdirilen çeper hem şahyrana sözleriň jeminden emele gelen dürdäne pikirlerdir. Ol pikirler ýöne bir ýüzugruna aýdylýan jümleler däl-de, eýsem, tutuş bir halkyň akyl gazanynda gaýnan, ençeme asyryň synagyndan geçip, kämilligiň çür başyna çykan şahyrana eserlerdir. Adamzadyň dünýä paýhas bilen garap başlan döwürlerinden bäri nakyllar ynsan ahlagynyň kämilleşmeginde, edep kadalarynyň kemala gelmeginde, ata-babalarymyzyň durmuş mekdebiniň nusgawy bolmagynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Nakyllar türkmen halkynyň durmuş tejribesiniň gazananlarynyň iň oňat ýörelgelerini özüne siňdirip, pikir çugdamlygyny, many goýazylygyny, täsirliligini, durmuşylygyny özünde jemläpdir.
Biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan nakyllarymyzyň düýp manysyny yzarlasaň, terbiýeleýjilik häsiýetli wakalaryň üstünden barýarsyň. Kähalatlar şol bir nakyl hakynda birnäçe rowaýatyň üstünden barýarsyň. Ýöne olaryň ählisi-de durmuşyň many ýüki ýetik sapagy. Şol sebäpden-de, halk döredijiligi hökmünde nakyllar yzygiderli öwrenilip gelinýär. Mysal üçin, “Eder-eder özüne eder” diýen nakyl hakynda şeýleräk rowaýat bar. Gadym zamanlarda bir derwüş gapy-gapy aýlanyp, “Eder-eder özüne eder” diýip gaýtalapdyr. Bir aýal çörek ýapyp duran ýerinden “Şu derwüşiň sesi ýüregime düşdi” diýip, çöregine awy goşupdyr-da, oňa beripdir. Derwüş çöregi torbasyna salypdyr-da, şol bir sözlerini gaýtalap ýola düşüpdir. Ýolda oýnap ýören üç oglanjygyň ýanyna ýetende, olaryň biri onuň ýanyna ylgap gelipdir-de, çöreginden bir bölek bermegini haýyş edipdir. Hälki aýalyň beren çöregini derwüş oňa şol durşuna çykaryp beripdir. Oglanjyk çöregi iýen dessine jan beripdir. Ýanyndaky oglanjyklar ylgap onuň ejesini alyp gelipdirler. Ejesi hälki derwüşe çörek beren bet niýetli aýal eken. Bolan işe aňk-taňk bolan aýal bir ogluna seredip, bir derwüşe seredip: «Öz eden işim, / Dökülsin dişim» diýip, ýer ýumruklap aglamaga başlapdyr. Hälki derwüş yslam äleminde ady belli diwana Bahaweddin Nagyşbendi eken. Ol aýalyň ahy-perýadyna dözmän, Allatagaladan ogluny direltmegi diläp, nalyş edipdir. Onuň dilegi kabul bolup, oglanjyga jan giripdir. Şeýdip, ol aýal ýaramaz niýetiň özüňe gaýdyp gelýändigine düşünipdir.
Bu halkyň arasyndan toplanan rowaýat. Ýöne onuň aňyrsynda ata-babalarymyzyň päk ahlak baradaky ýörelgeleri, ýagşylyk hem ynsanperwerlik gatnaşyklary, belli bir derejede bolsa durmuş hakykaty ýatyr.
Nakyllar barada söz açylanda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabyny bellemek zerur. Bu kitapdaky nakyllary okap çykanyňda bir zada göz ýetirýärsiň. Ol kähalatda birnäçe görnüşde duş gelýän nakyllaryň iň naýbaşylarynyň saýlanyp alnanlygydyr. Şeýle-de ol nakyllaryň halkyň hakyky gepleşik dilindeligidir. Mysal üçin, “Hemsaýam — balsaýam”, “Düýe garrasa, botasyna eýerer” ýaly birnäçe nakyllary agzamak bolar.
Bulardan başga-da, kitapdaky “Köne dost — eýerli at”, “Öýüm kepbe bolsa-da, nanym ketde bolsun”, “Är ýigit özi üçin dogar, il üçin öler”, “Bergini beren ýeňer, ýoly — ýörän”, “Geými täzelikde aýa, abraýy ýaşlykda”, “Galam tutan dilenmez” ýaly birnäçe nakyllar täsirliligi bilen tapawutlanýar.
Bu kitabyň bäş bölümindäki nakyllaryň hemmesi-de halkymyzyň edep ýörelgesini, milli pelsepesini, nesilme-nesil dowam edip gelýän ynsanperwer işlerini şöhlelendirýär. Dosta kömek, myhmana hödür, mätäje goldaw-hemaýat etmek halkymyzyň milli ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alýan bolsa, mertlik, wadaňa wepaly bolmak, watansöýüjilik, ugurtapyjylyk ata-baba halkymyzyň asylly häsiýetleri hasaplanyp gelipdir. “Paýhas çeşmesi” kitabyndaky nakyllarda hem, ilki bilen, watansöýüjilik, dosta wepalylyk, ygrarlylyk, tebigat bilen ylalaşykly hem sazlaşykly ýaşamak, jemgyýetçilik durmuşyňda oňat ýörelgeleri endik edinmek ýaly ajaýyp sypatlar örboýuna galýar.
Ýaşlara bilim bermekde biziň üçin ajaýyp gollanmalary peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin!
Aýna JORAÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň 55-nji «Kebelek» çagalar bakja-bagynyň müdiri.