Dowam edýän okuw ýylynda Türkmenistanda tehnologiýany çuňlaşdyryp öwredýän ilkinji ýöriteleşdirilen mekdep Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde açyldy. Öňdebaryjy okuw maksatnamasyny ornaşdyrmak işini 32-nji orta mekdep alyp barýar.
Bu mekdepde maglumat tehnologiýalary, programmirlemek hem-de kiberhowpsuzlyk boýunça dersleriň çuňlaşdyrylyp okadylmagy meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri saýlap-seçip almak işi dowam edýär.
Ýöriteleşdirilen mekdep ýokary synplaryň okuwçylaryny okuwa kabul edýär. Häzirki zaman tehnologiýalary boýunça sapaklar hepdede iki gezek geçirilýär. On ikinji synpy tamamlan uçurymlara attestat bilen birlikde, başlangyç hünär bilimi barada baradaky resminama hem berler.
Türkmenistanda daşary ýurt dillerine, matematika we tebigy bilimlere ýöriteleşdirilen orta okuw mekdepleriniň sany barha artýar. Munuň özi milli bilim ulgamymyzyň halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýändiginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Annabeg ROZGELDIÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki tehnologiýany çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 32-nji orta mekdebiň himiýa-biologiýa mugallymy.