Siziň üçin...

Saglyk ähmiýetli bagt daşy

29-03-2024 / 5

Saglyk ähmiýetli daşlaryň biri hem bagt daşydyr. Bu daş pöwrize daşy diýlip hem atlandyrylýar. Bagt daşynyň ady fransuz dilinden iňlis diline terjime edilinde «türk daşy», ýagny, türkmen daşy diýlip hem atlandyrylýar. Bu daşyň açyk we goýy asman reňkleri mälimdir. Mawy reňkli bagt daşy özüniň gadymylygyny aňladýar.

Bagt daşynyň ýene bir ähmiýeti ynsanyň görejini ýiteldýändigi bilen baglydyr. Keşdeçilikde, halyçylykda, gaýma gaýap, dokma dokamakda şöhrat gazanan ene-mamalarymyzyň elmydama ýakasy gülýakaly, ýaş gyzlaryň başy gupba tahýaly bolupdyr.

Orta asyrlarda bagt daşynyň öz eýesini dürli zäherlemelerden gorandygy barada maglumatlar bar. Bu daş erkek kişiler üçin mertligiň, gaýduwsyzlygyň alamaty bolupdyr. Şol debäpli Gündogar ýurtlarynyň serkerdeleri, han-begleri pöwrize gaşly kümüş ýüzükleri dakynypdyrlar.

Bagt daşy, esasan-da, maşgala agzybirliginiň nyşany saýylypdyr. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, türkmen zergärleri kümüşden we altyndan ýasan şaý-seplerine zümerret, hakyk, aý daşlary bilen gezekleşdirip bagt daşyndan gaş goýupdyrlar. Gadymy zergärçilik ýörelgelerimiz häzirki döwürde hem dowam etdirilýär. Halypalaryň saglyk ähmiýetli öwüt-ündewleri ýaş nesillerimize ýetirilýär.

Aýbölek MÄMMEDOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu