Türkmen halkynyň beýleki halklaryňka meňzemeýän gözel däp-dessurlary, terbiýesi bar. Däp-dessurlarymyzyň owadanlyk, gözellik bilen deňelmeginiň öz sebäbi bar. Çünki türkmen perzendi ene-atasynyň ýüzüne gaňrylyp seredip, oňa ýakymsyz söz aýdyp bilmez. Olar bilen gürleşende ene-atanyň aýtjagyny gözünden aňar.
Ata-enäniň aýdany hökmany nesilden-nesle geçýän däp bolýar. Däpleriň iň naýbaşylarynyň biri, ula-kiçä salam bermek, hormat-sylag etmek. Türkmen maşgalasyna myhmançylyga baranyňda gürrüňçilige çagalaryň goşulyp oturmagy ýa-da gapydan kellesini uzadyp sorag berip durmagy gelşiksiz hasaplanýar. Şonuň üçin ulynyň öz orny, çaganyň öz orny bolanda, şol ýerde çaga terbiýesi, ene-ata bolan sarpa has güýçli duýulýar. Biziň halkymyzda myhman garşylamak, oňa söwüş edip hezzetlemek hem gözbaşyny ata-babalarymyzdan alyp gaýdýan däp-dessurlaryň biri. Bir ýere myhmançylyga baranyňda şol öýüň maşgalabaşylary bilen söhbet edip otyrkaň, çagajyklar derrew orta saçak ýazyp, çaýdyr nahar getirerler. Bu ene-atanyň öz göreldesinden emele gelen häsiýet. Myhman gelende hökman naharyň ugruna çykylmagy, myhmana edilýän gadyr-gymmatdyr.
Perzentlere, aýratynam, gyzjagazlara gözellik terbiýesi hem kämil berilmelidir. Bu wezipe çagalar baglarynda esasy üns merkezindedir. Çünki gözellik terbiýesi – sungat eserlerine,tebigatyñ gözelligine aýdym sazlara söýgi döretmek. Çaga kiçijikliginden owadan suratlary synlatmaly. Gulaga ýakymly aýdym-sazlary diñletmeli. Tebigata çykarmaly. Olaryñ neneñsi owadandygyny,gulaga ýakymlydygyny belläp geçmeli. Emma çaganyñ durmuşynyñ diñe mekdepden ýa-da çagalar bagyndan ybarat däldigini bilmelidiris. Diýmek, bu işde ene-atalar pedagoglar bilen bile hereket etmeli!
Hakykatdanam, nesil dowamaty bu bir şahasyny ýaýyp duran berdaşly daragt. Ol daragtyň köki-damarynyň sagdyn bolup, uzak ýyllaryň dowamynda şaha ýaýyp, daş-töwerege saýa salmagy nesilleriň edep-ekramyna, sylag-hormatyna, has hem ene-atasyna goýýan sarpasyna bagly.
Laçyn HOJAGELDIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.