Siziň üçin...

Durmuşymyzyň gül-läleleri

26-03-2024 / 4

Ýurdumyzda çagalaryň her biri alada bilen gurşalandyr. Diýarymyzda çagalaryň beden we ruhy taýdan doly derejede ösmegi ugrunda ähli şertleri üpjün etmek, olaryň başarnyklaryny we zehinlerini açmak üçin sagdyn durmuş gurşawyny döretmek üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet wezipesidir.

Türkmenistanda maşgalany goldamagyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, bu ugurlary kanunçylyk taýdan üpjün etmekden başlap, iň oňat dünýä tejribelerine çenli, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek baradaky döwlet goldawynyň toplumlaýyn ulgamy döredildi. Ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara täze öýleriň sowgat berilmegi bu babatda ählitaraplaýyn aladanyň ýüze çykmalarynyň biridir. Her ýyl ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Birnäçe beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, köp çagaly bolmak ýörelgesiniň ýitirilmän, eýsem, häzirki eýýamymyzda täzeden dikeldilmegi buýsançly ýagdaýdyr.

Bilim we terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň sagdyn kemala gelmegi, sowatly bolup ýetişmegi ugrunda zerur şertler durmuşa geçirilendir. Bu ugurda çagalar baglarynda hem körpeleriň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, dürli çäreler, öwrediji okuwlar geçirilýär. Döwrebap enjamlaşdyrylan otaglar we kämil tehnologiýalaryň elýeterli bolmagy körpeleriň dünýägaraýşynyň giň, gözýetiminiň çuň bolmagyna getirýär. Şol sanda çagalar baglarynda okatmagyň usullarynyň we serişdeleriniň kämilleşdirilmegi öz gezeginde çaganyň aňynyň ösüşini we pikirleniş endigini ösdürýär.

Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş raýatlaryň arzuwlarynyň we bagtyýar geljeginiň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Goý, asuda asmanymyzyň astynda, parahat Zeminimiziň üstünde gaýnap-joşýan bagtly durmuşyň bady hiç wagt gowşamasyn!

Rasima SAFIULLINA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu