Hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri beýik maksatlaryň binýadynyň ylym-bilim almak arkaly berkeýändiginiň ajaýyp beýanydyr.
Bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnygyny döredijiligiň üsti bilen açyp görkezmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen bir hatarda, olaryň zähmete höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilýär, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap bilimli-terbiýeli we zähmetsöýer bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýetli bolup, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň barha dabaralanýandygyny aňladýar.
Häzirki wagtda durmuşymyzda täze tehnologiýalar, aýratyn-da, sanly bilim ulgamy uly orny eýeleýär. Çagalar ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Bu bolsa ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny depginli ösdürmekde uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Dilber BÂŞIMOWA,
Hojambaz etrap bilim bölüminiň hünärmeni, ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.