Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda üstaşyr-ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we halkara logistika ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan hem ýurdumyzyň gümrük serhedinden ulaglaryň we ýükleriň geçirilmeginiň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmek boýunça döwrebap işler alnyp barylýar. Döwletimizden üstaşyr geçirilýän ýükleriň günsaýyn ýokarlanmagynda hem munuň aýdyň subutnamasyny görmek bolýar.
Geçen 2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17% artdy. Üstaşyr geçirilýän ýükleriň ösüş depgini şu ýylyň ilkinji 2 aýynda ýokary görkezijä eýe boldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% ýokarlandy. Bu görkezijiler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny, söwda-haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny hem-de üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriň mynasyp ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu işleri has-da kämilleşdirmekde gümrük nokatlarynda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär.
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr geçelgeleriň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, serhetýaka gümrük nokatlarynda döwrebap şertler döredilýär. Gümrük amallarynyň doly awtomatlaşdyrylmagy we gümrük barlaglarynda kämil enjamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy, ulag serişdeleriniň gümrük nokatlarynda bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Bu ýagdaýlar bolsa, soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleriň daşalmagyna gyzyklanmalary has-da artdyrýar.
Gümrük işinde halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýurdumyz bilen serhetleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň, Özbegistan, Gazagystan we Azerbeýjan Respublikalarynyň gümrük edaralary bilen gümrük maglumatlaryny sanly ulgam arkaly deslapdan alyşylmagy ýola goýmak boýunça ylalaşyklar baglaşyldy. Bu bolsa ýurdumyza gelýän we üstaşyr geçýän ýükli awtoulaglaryň gümrük nokatlarynda «Ýaşyl geçelgeleriň» mümkinçiliginden peýdalanyp, olaryň gümrük serhedinden çalt geçirilmegine, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşarky bazara iberilmeginde gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylmagyna giň mümkinçilik döredýär.
Şeýle amatly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz belentden-belent ýaňlanýar.
Toýly AHMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.