Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uzak ýyllaryň dowamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Türkmenistanda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi. Bu asylly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda senagat toplumyny döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu şäheriň “ýaşyl” ugurlydygyny hasaba almak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän german kompaniýalaryna bu toplumy döretmäge gatnaşmak teklip edildi.
Milli Liderimiz Türkmen-german işewürlik maslahatynda eden çykyşynda Arkadag şäherinde lukmançylyk we derman senagaty ulgamyny hem-de german tarapynyň gatnaşmagynda tehniki-hünär bilim edarasyny özünde jemleýän “ýaşyl bilim merkezini” döretmek mümkinçiligini öwrenmek teklibini öňe sürdi.
Başy başlanan işler mynasyp dowam etdirilýär. Öňe sürlen başlangyçlar goldaw tapyp, durmuşa geçirilýär. Arkadag şäherinde döwrebap lukmançylyk klasterini döretmek ugrundaky anyk işler hem halkyň saglygy babatdaky çynlakaý aladalaryň ýene-de bir güwäsi bolup, biziň her birimizi buýsandyrýar.
Döwrümiziň şanyna şan goşýan şeýle asylly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän, halkymyzyň asuda, parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.
Agamyrat ALTYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyñ mugallymy.