Siziň üçin...

Söz mülkünde köşk guran akyldar

26-03-2024 / 6

Türkmen  halkynyň at-owazasyny dünýä tanadan Gündogaryň beýik akyldary  Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe, ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär, barha beýgelýär. Türkmen halky beýik söz ussatlaryna hemişe hormat goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz mülkünde köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy has hem belent tutulýar.

Beýik akyldaryň öňe sürýän pikirlerinde esasy wezipe adamlary terbiýelemek bolup, onuň  döredijiliginiň  ölmez-ýitmezligi ynsan mertebesini şeýle ýokary derejä göterip, adamyň ruhy dünýäsine akyl ýetirmegi, olar bilen öz ykbalyny  baglanlygyndadyr.

Akyldar  şahyr adamyň  kalbyny söýgi gurşap almalydyr, ol ähli zada söýgi bilen seretmelidir diýen düşünjäni öňe sürüpdir we şol pikirde hem berk durupdyr. Ynsan hiç wagt öz adamçylyk duýgularyny  ýitirmeli däl. Eger-de adamda bu duýgy ýitse, onuň kalbyndaky nur öçmek bilen bolýar. Käte-käte adamda özünde aýratyn maddy mümkinçilikden peýdalanyp iýmek-içmek, aşa buýsanmak, güýje baýrynmak, ejize ganym bolmak ýaly ters pikirler döreýär. Şeýle adamlar barada akyldar şahyr:

Adam bolup adam gadryn bilmeýän,
Ondan ki bir otlap ýören mal ýagşy.

— diýýär.

Akyldaryň döredijiligine näçe çuňňur aralaşdygyňça, onuň many-mazmunly setirleriniň syrly ýumagy bizi paýhaslar älemine äkidýär. Bu barada şahyryň özi hem:

Magtymguly, syrym çohdur,
Men neýläýin açan ýokdur.

— diýip,  jaýdar aýtmagy hem ýöne ýerden däldir. Görnüşi ýaly, pähimdar şahyryň döredijilik akabasyny arçadygyňça, akar çeşme deýin daşyp gidip otyr.

Aýratyn hem, akyldar şahyryň “Gidiji bolma” atly uly göwrümli (32 bent) goşgusy durşuna öwüt-ündew, nesihat beriji äheňde ýazylypdyr. Şahyr Watan  duýgusyny, oňa bolan söýgüsini, mährini şeýle setirlerde  beýan edýär:

Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý;
Watany terk edip gidiji bolma!

Bu  setirlerde Watana bolan söýgi, ene-topraga, ata-enä hormat, ula-kiçä sylag ýaňlanýar.

Magtymguly Pyragynyň goşgulary adamzat durmuşynyň we ynsan gatnaşyklarynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Şahyryň  şygyrlary sözüň doly manysynda nesiller üçin terbiýeçilik mekdebidir.

Şanur ŞYHYÝEW,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu