Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna halkara derejede taýýarlyk görülmegi söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyny görkezýär. 2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu taryhy wakalar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde-de, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmaga, onuň edebi mirasyny giňden wagyz etmäge uly ýardam berer.
Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Milli şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem muny tassyklaýar. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Bu bolsa ussat şahyryň döredijiliginiň ähmiýetiniň hem-de ornunyň dünýäde ykrar edilýändigini, edil şonuň ýaly-da halkymyzyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna mynasyp goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.
Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi hem beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Bu ýadygärligi öňde boljak baýramçylygyň çäklerinde açmak meýilleşdirilýär. Milli nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiliniň hormatyna Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny döretmek taslamasy bu ýerde alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi.
Milli Liderimiziň beýik şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy ähli ildeşlerimiz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi we daşary ýurtlarda-da oňyn seslenme döretdi. Hormatly Arkadagymyzyň milletimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça ýadawsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan yzygiderli işleri dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Perman NOWBATOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.