Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň beýleki künjekleri bilen bir hatarda, Änew şäheri hem ajaýyp özgertmelere eýe boldy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriň mekanydygyna şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, Änew medeniýeti amerikan arheology Rafael Pampelliniň ylmy barlaglary netijesinde dünýä äşgär boldy. Ilkinji gezek ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň dänesi gadymy Änew topragyndan tapyldy. Änew medeniýetiniň dowam eden döwri miladydan öňki V müňýyllykdan III müňýyllygyň başlaryna degişlidir. Şol gadymy döwürlerde änewlilerde amaly sungat hem ösüpdir. Munuň şeýledigini geometrik nagyşlar bilen bezelen toýundan ýasalan gap-gaçlar, daşlaryň dürli görnüşinden, şol sanda pöwrize we hakyk daşyndan ýasalan monjuklar subut edýär.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň I kitabynda gadymy Änew şäheriniň orta asyr taryhyna degişli gymmatly maglumatlary beýan edýär: «Abiwerdden Nusaýa barýan kerwenleriň soňky düşleg ýeri gadymy Änew şäheridir. Orta asyrlardan galan Änew şäherinde ata-babalarymyzyň XV asyryň ortalarynda bina eden täsin metjidiniň harabalygy saklanyp galypdyr. Onuň gurlan senesi binanyň öň tarapynda, girelgesinde ýazylypdyr. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinden soň, gynansak-da, metjit weýran bolýar. Onuň ozal nähili bolandygyny diňe galan suratlardan görüp bolýar. Metjidiň esasy girelgesiniň ýokarsynda iki sany aždarhanyň şekili bar. Bu metjit il içinde hormatlanylýan adam, dini ylymlaryň ussady Seýit Jemaleddiniň guburynyň öňünde gurlupdyr».
Ýeri gelende belläp geçsek, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan edilmegi hem-de bu etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanmagy buýsançly wakalaryň biri hökmünde halkymyzyň aňynda orun aldy.
Gülnur PYGAMOWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeyiniň ylmy işgäri.