Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň, şol sanda-da, dünýä edebiýatynyň bahasyz mirasydyr, umumadamzat gymmatlygydyr. Şahyryň eserleri diňe bir XVIII-XIX asyr türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna hem ägirt uly täsirini ýetirdi. Türkmen halkynyň at-owazasyny dünýä tanadan Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary biziň her birimiziň kalbymyza beýik ynam bolup girýär, aňymyza edep mekdebi bolup siňýär, göreçlerimize öçmejek nur bolup çaýylýar.
Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly — köňülleriň küýsegi» atly halkara ylmy maslahatyň hem-de çäreleriň giň toplumynyň ýokary derejede geçirilmegi şahyryň döredijilik mirasynyň dünýä derejesinde öwrenilmegine mynasyp goşant goşdy. Akyldaryň döredijiligi ynsanperwerlik, ahlaklylyk, gözellik ýaly düşünjelere esaslanmak bilen, olaryň kämillik ýoly türkmen ruhundan, medeniýetinden hem-de türkmeniň tebigatyndan gözbaş alýar.
Beýik şahyryň döredijiligi ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşyp, olary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Magtymguly arassa ahlakly, halkyň, Watanyň aladasy bilen ýaşaýan, ynsanperwer, zähmetsöýer, halallyga ýugrulan, ar-namysly ynsanlaryň waspyny ýetirýär we olary şeýle ruhda terbiýelemäge çalyşýar.
Döredijiligini halkyň durmuşy bilen berk baglanyşdyran beýik akyldaryň agzybirlik, bitewilik ugrundaky ýörelgesi örän ýokary derejede beýan edilýär. Magtymguly eser döretmek üçin durmuşyň entek çeperçilik taýdan işlenmedik meselesine — halkyň gündelik işi, çekýän halal zähmeti bilen baglylykda ýüze çykýan meselelere ýüzlenýär. Beýik şahyr şol meseleleri halk döredijiliginiň ruhunda, dilinde beýan edipdir. Türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji bolup çeper edebiýaty halkyň durmuşyna ýakynlaşdyrmagy başaran şahyr Magtymguly Pyragydyr.
Diýar BAHRAMOW,
Çärjew etrap häkimliginiň medeni-durmuş bölüminiň bölüm müdiri.