Tebigat! Gör, neneň, gysga we çuňňur düşünje! Tebigat hakynda oýlara çümeniňde, ol seniň göwnüňi jadyly duýgy dünýäsine seýil etmäge çagyrýar, zybanyňa asal sözleri düzýär. Milliligimize mahsus tebigatymyz, al-elwan sähramyz hakynda söz açyp, Gurbannazar Ezizowyň ählimize tanyş, ýüreklerimize aýdym bolup girip, dillerimiziň senasyna öwrülen şu setirlerini ýatlaman geçmek bolmaz.
…Ýagyşy ýaraşar ýaýlaň ýazyna,
Gerçekler bendidir, aşyk gyzyna.
Sesin goşup, dutar, gyjak sazyna,
Saýrar illerimiň şirin dilleri.
Şahyr müň keren mamla. Hakykatdan-da, ak ýagyşlarymyz ýaýlalarymyzyň ýazynyň ýaraşygyna öwrülip, tebigatymyzyň görküne görk çaýýar, belent daglarymyzdan öwüsýän awara ýeller kalbyňy heýjana salýar, seni şahyrana duýgular içre ýüzdürýär.
Gözel tebigat — ömrümiziň öwüşgini, gözlerimiziň guwanjy, Watanymyzyň baýlyk-genji. Dagy agraslygy, sährasy seýli, deňzi kalbyň meňzi, topragy bereket, bagy jennet bolan halkymyza bu gözellikleri ykbal bolluk bilen eçilipdir.
Elbetde, her bir ynsan ýürek joşgunynyň badyny, baryny gözel Watanyň görkana görnüşlerinden, gülzarly tebigatyndan, döwletli döwründen tapýar. Çünki, biz tebigatyň, tebigat bolsa biziň bir aýrylmaz bölegimiz. Akyldarlaryň biriniň: «Köňlüň gyssa, tebigata çyk!» diýip, belläp geçmegi-de, megerem, şonuň üçindir!
Hawa, türkmen tebigatynyň özüne ýetik gözelligi bar.
Annamyrat DERÝAKULYÝEW,
Halaç etrabynyñ 24-nji orta mekdebiniñ 11-nji synp okuwçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.