Siziň üçin...

Usulyýeti kämilleşdirmek ugrunda

13-03-2024 / 7

Ýakynda Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynda şäheriň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly sagat geçirildi. Usuly sagat «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary durmuşa taýýarlamakda, olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmakda we ösdürmekde çeper döredijiligi, ösdüriji gurnaklaryň we bäsleşikleriň işini  netijeli guramagyň ýollary» diýen tema boýunça guraldy.

Usuly-pedagogik ugurly bu çärä gatnaşan bilim işgärleri ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide gurnak işine we ony kämilleşdirmegiň ugurlaryna bagyşlanylan usuly gollanmalar, elektron serişdeler, elde ýasalan döredijilik işleri, dürli taslamalar we görkezme esbaplaryna syn edildi. Olaryň arasynda çagalaryň gurnakda meşgullanma pursatlarynda peýdalanmaga niýetlenilen köp ugurly serişdeler, ekologiýa taýdan arassa önümleri, bilimleri ösdüriji we irki ösüşi kämilleşdiriji oýun esbaplary bar.

Usuly sagadyň esasy bölüminde bolsa halypa pedagoglaryň, öňdebaryjy bilim işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda gurnaklary ýola goýmak boýunça düzgünnamanyň ähmiýeti», «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda gurnaklaryň işini netijeli guramagyň usullary» ýaly temalar boýunça, şeýle-de iş tejribeden çykyşlar diňlenildi. Ýerine ýetirilen çykyşlarda elektron görkezme serişdeleriň işjeň peýdalanylmagy diňleýjiler üçin has täsirli boldy. Şeýle-de aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda bäsleşikleriň ähmiýeti hakynda halypalaryň beren maslahatlary, degişli ugurda halkara tejribesiniň özleşdirilişi baradaky maglumatlar ýaş terbiýeçiler we mugallymlar üçin tejribe toplamaga ýardam etdi. Umuman aýdylanda, mekdebe çenli bilim we terbiýe düzümlerinde ýaş nesli mekdebe taýýarlamakda we durmuşa ugrukdyrmakda oňyn ähmiýetli bolan gurnaklaryň işini kämilleşdirmäge, bäsleşikleriň guralyşyny we netijeliligini gazanmaga, bu ugurda toplanan tejribäniň üstüni ýetirmäge ähmiýetli täsirini ýetiren bu usuly sagat guramaçylyga we netijelilige beslendi.

Şeýle ajaýyp zamanada döredijilikli we has yhlasly zähmet çekmäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşlar bu çäräniň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Gülälek ÖWEZOWA,
Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu