Siziň üçin...

Çaganyň bir ganaty — edep…

13-03-2024 / 13

Geçmişde ata-babalarymyz çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdirler. Çagalaryny söýgi, mähir-muhabbet bilen gurşap, olaryň edepli-ekramly, ylymly-bilimli bolup kemala gelmegi üçin, gije-gündiz alada edipdirler. Çagalaryna halal zähmeti ündäpdirler.

Ene-atanyň çagasyna berip biljek iň uly baýlygy ýagşy edep we terbiýedir. Çaga nesibeli güni guş kimin ganat baglap öz höwürtgesini taşlap, özbaşyna höwürtge gurmak üçin, uçup gider. Çaganyň bir ganaty — edep, beýleki  ganaty — ylym-bilim bolmalydyr. Çagalaryň durmuş asmanynda ynamly, howpsuz we erkin uçup bilmegi üçin, ene-atalaryň ylym we edep bermegi hökmandyr. Esasy zat jemgyýetde adamlar bilen ýagşy gatnaşykda boljak, abraýly,  ahlakly, edepli, il-güne haýyrly şahsyýeti terbiýeläp kemala getirmekdir.

Şu ýerde bir zady ýatlamak gerek. Eneleriň terbiýesi ýagşy bolsa, çagalaryň hem terbiýesi şonuň ýalydyr.  Her bir ene-ata çagalaryny öz ýaşlyk döwrüne görä däl-de, şu günki we geljekdäki durmuşyň şertlerine görä terbiýelemelidir. Ýasama hereketlerden, erbet häsiýetlerden, ýalançylykdan, ulumsylykdan we göriplikden gaça durmalydyrys.

Çagalar öz ene-atalaryny akylly, başarjaň, köp zady bilýändir diýip hasap edýärler we olara öýkünmäge çalyşýarlar. Doglanda päk, arassa, günäsiz dünýä inen çaga daş-töweregindäkilerden görelde alyp ulalýar. Gury çägäniň suwy  gowy soruşy ýaly, çaga hem görýän, eşidýän we duýýan zatlaryny öz ruhuna siňdirýär. Eger maşgalada ýalan sözlenýän bolsa, ol maşgalada ýalançy çagalar, dawa-jenjel bar bolsa, goh-galmagalçy çagalar, gybat edilýän bolsa, gybatkeş çagalar kemala gelýärler.

Eger-de ene-ata eklenç diýip öz maşgalasyna we çagalaryna ýeterlik üns bermese, ol maşgala hem kämil we bagtly maşgala bolup bilmez. Ene-ata öýüni myhmanhana hem öwürmeli däldir. Çagalary irden oýanyp-oýanmanka işe gidip, gije ýatjak bolup durkalar hem gelmeli däldir. Gazanç, iş hem gereklidir, oňa elbetde, söz ýok, ýöne iň uly gazanjyň çagalarymyzdygyny hem unutmak bolmaz.

Gülşirin ÝARAŞOWA,
Hojambaz etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu