Siziň üçin...

Halklary we kalplary ýakynlaşdyrýan baýram

12-03-2024 / 4

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan we türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda durýan Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, tebigatyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Bu sene halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň berkarar bolýandygyny äşgär edýär. 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu sene adamzadyň iň ähmiýetli we möhüm baýramlarynyň biridir.

Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek bilen, bu baýramçylygyň halklaryň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary berkitmek, dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek ugurlaryny özünde jemleýändigini ykrar etdi. Taryhy asyrlara uzaýan bu ajaýyp baýram öz halkynyň milli gymmatlyklaryna, baý medeni mirasyna çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Nowruz — ýagşylygyň ilçisi! Baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz gowy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlaryndan toý saçagyny bezeýärler. Daş-töwerek abadanlaşdyrylýar.

Ýaşaýyşyň, ýaşlygyň pasly bolan bahar paslynda bellenilýän Milli bahar baýramyňyz gutly bolsun! Goý, bu baýramda ediljek arzuw-niýetler, yrym-ynançlar öz garaşylýan hasylyny bersin! Halkymyzyň taryhyna sarpa goýup, şu gününi beýgeldýän, ak ertirlerini ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Güljan GURBANSÄHEDOWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu