Siziň üçin...

Ýylyň gelşi Nowruzdan belli…

12-03-2024 / 5

Nowruz baýramy halkara derejesindäki baýramçylyklaryň biri bolup  Türkmenistan, Eýran, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Siriýa,Yrak, Türkiýe ýaly ýurtlarda, şeýle-de Hytaýyň günbatar ýerleri, Türkiýedäki kürtler, Russiýanyň günortasyndaky tatarlar we başkirler tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylykdyr. Bu baýramçylyk 2010-njy ýylda halkara statusyna eýe boldy.

Nowruz (başgaça Noruz, Nowrooz, Nawruz) täze ýyl hökmünde bellenilýän, taryhy  2,5 müňden 5 müň  ýyldan hem gowrak wagty öz içine alýan ýaz  baýramçylygydyr. Birnäçe pars ýazgylarynda, bu baýramçylygyň Zoroaştrizm  dini  bilen  baglanyşygynyň bardygyny aýdýarlar. Şol  sebäpli  käbir  ýurtlarda  belli  bir  döwürde Zoroaştrizm dini bilen baglanyşdyrýandyklary üçin bu  baýramçylygy  bellemegi gadagan edilen halatlary hem boldy. Nowruz sözüniň  manysy parsça ,,täze ýyl, täze gün” diýmegi aňladyp, gadymy eýranlylar bu güni täze ýylyň ilkinji güni hökmünde belläpdirler. Gadymy döwürlerde, pars şalary bu täze ýylda kellelerine Günüň şekilinde bolan täçleri geýipdirler, raýatlara sowgat-serpaýlaryny paýlapdyrlar, şeýle hem köpçülikleýin ot ybadathanalaryna  gatnaşypdyrlar.

Gadymy döwürlerde bu baýramçylygy ýazyň  gelmegi, ýagny tebigatyň gyş  ukusyndan oýanyp gök öwüsip başlap, täzeden janlanmagy, howanyň maýlap  başlamagy hökmünde belläpdirler. Şol sebäpli bu güne Nowruz , ýagny “täze  ýyl” diýlip atlandyrypdyrlar. Ýöne täsin ýeri  şol döwrüň senenamasyndada, bu  baýramçylygyň bellenýän wagty gije bilen gündiziň deňleşýän  wagtyna  ýakyn gelýändigini görmek bolýar. Abu Reýhan Biruny öz eserinde  Nowruz  güni barada şeýle diýýär: ,,Nowruz gününde bir sagat  bar, şol  sagatda  wagtyň çarhy älemi janlandyrmaga howlugýar. Ol günüň iň bagtly  sagatlary, Günüň şöhlesiniň dik düşüp ugran sagatlarydyr”.

Häzirki wagtda halk toparlarynyň çykyşlary, festiwallary, gyzykly ýaryşlary bu baýramçylygyň bellenilýän ähli ýurtlarynda Nowruz baýramçylygynyň aýrylmaz bölegidir. Nowruz indi gadymy we häzirki zaman däpleriniň köpdürlüliginde özboluşly baýramçylykdyr.

Biziň  ýurdumyz  Türkmenistanda  hem  Milli  bahar  baýramy  her  ýylyň  Mart  aýynyň  21-22-ne  uly  dabara  bilen  bellenilip  geçilýär. Nowruza  gabatlap  türkmenler  naz-nygmatlar  taýýarlap, ýaňy  gögeren  ýaşyl  bugdaýdan  taýýarlanan  semenini  bişirip, birek-birege  hödür-kerem  edýärler. Nowruz  baýramy  gözelligiň  we  joşgunly  ýaşaýşyň  baýramy  bolup, halklary bir-birege  ýakynlaşdyrýar, goňşuçylyk  gatnaşyklaryny, ynsanperwerligi rowaçlandyrýar, dünýä  halklaryny  dostluga, agzybirlige  we  abadançylyga  çagyrýar. Nowruz baýramy  diýlende, tebigatyň janlanmagy, gyş  ukusyna  giden  agaçlaryň  täzeden  ösmegini  dowam  edip  başlamagy, gülleriň  ýene  täze  güýç  bilen  güllemegi, mallaryň  ýaşyl  meýdanlara  çykyp  otlap  duranlary  göz  öňüne  gelýär. Ýagny, bu  baýram  täze  bir  döwrüň  başlanýandygyny  aňladýar. Bu  bolsa  adama  täze  ruhuň, täze  güýjiň,  täze  başlangyçlaryň  döremegine  itergi  berýär.

Şirin ATAJANOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu