Siziň üçin...

Taryh: daş sungatynyň ähmiýeti

10-03-2024 / 6

Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirip, taraşlap, kämilleşdirip gelen medeni mirasyny aýawly saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň hatarynda Goňurdepe ýadygärliginde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylýan gymmatly tapyndylar täsinligi we ähmiýetliligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň: «Goňurdepede halkara ylmy topar tarapyndan edilen täze açyşlar Türkmenistanyň gadymy taryhyny we medeniýetini mundan beýläk-de öwrenmek üçin uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň çäginde alnyp barylýan arheologik gözlegler türkmen halkynyň medeniýetiniň kökleriniň gadymydygyny we ýokary derejede ösendigini aýdyň görkezýär» diýen parasatly sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.    

Daş biziň Ýer planetamyz ýaly gadymydyr. Ilkidurmuş adamlary daşy zähmet guraly hökmünde ulanypdyr. Ýiti daş bilen ol  haýwan awlapdyr. Tekiz daş bilen däneli ösümlikleriň tohumlaryny sürtüp owradyp, reňklileri we ýalpyldaýanlary bezeg üçin ulanypdyrlar.

Ilkidurmuş adamlary öz mümkinçilikleriniň çäklerinde daşlar boýunça hünärmen bolupdyr. Käbir agyr daşlaryň oduň közünde ereýändigini, sowandan soňra ýalpyldawuk tokga öwrülýändigini tötänden bilipdir. Soňra ol magdanly daşdan alnan ergini palçykly şekile guýmak arkaly pyçak, palta, peýkamyň uçluklaryny we öz durmuşynda zerur bolan beýleki predmetleri alyp bolýandygyny ýüze çykarypdyr.

Türkmenistanda miladydan öňki V müňýyllyga degişli «Jeýtun medeniýeti» iň gadymy ekerançylyk merkezi hökmünde dünýä taryhynda bellidir. Jeýtun adynyň gelip çykmagy Jeýtun obasynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol Aşgabat şäherinden 30 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Jeýtun medeniýetine degişli daşdan ýasalan önümleriň birnäçe görnüşleri tapylýar.

Jeýtun medeniýeti döwründe daş we süňk ýonmak senedi kämilleşip başlaýar. Ýörite ýylmanyp ýasalan goýun şekilindäki heýkeljikler adamlaryň boýnundan asmagy üçin niýetlenipdir. Şeýle-de balykgulaklardan, haýwanlaryň turba şekilli süňklerinden, daşlardan ýonulyp ýasalan monjuklar bu döwre degişli çeperçilik önümleridir.

Adam durmuşynda häzirki zaman döwürde metallar, soňky wagtlarda bolsa — plastmassalar daşyň ornuny tutup başlady. Ýöne häzir hem daşyň roly örän uludyr. Häzirkizaman durmuşyny daşsyz göz öňüne getirmek mümkin däl: ol binalaryň, kenarýaka köprüleriň ýüzi örtülende zerurdyr, ondan gözel ýadygärlik heýkelleri oýup ýasaýarlar. Islendik bina gurlanda daş wajypdyr, ol ýollar çekilende we zerur bolup durýar. Hek daşy heki ýakmak üçin zerurdyr, mergelden sement, mineral dökünleri almak üçin gymmatly çig mal bolan fosforit alynýar, ak palçykdan farfor we faýans önümleri, adaty palçykdan — küýze önümleri, çerepisa we kerpiç taýýarlanylýar.

Şeker JUMABAÝEWA,
Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu