Türkmen halkynyň aýdym-saz, bagşyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Şonuň üçin-de, halkymyzyň hiç wagt könelmejek şirin mukamlary, bagşy-sazandalary, saz gurallary sanardan köpdür. Şolaryň biri hem fleýta saz guralydyr.
Fleýta saz guraly dünýäde giň meşhurlyga eýe bolup, ol dünýä halklarynyň köpüsiniň saz sungatyny bezeýär.
Fleýta saz guraly üflenip çalynýan ýönekeý agaç saz gurallary maşgalasyna degişlidir. Fleýta ХVII asyra çenli bitewi agaçdan kesilip ýasalypdyr. ХVII asyrda bolsa klapanly fleýta peýda bolupdyr. Ony çalmak aňsat bolupdyr. Ähli diapazonlarda aňsatlyk bilen intonasiýa arassalygyny almak mümkinçiligi döräpdir.
Fleýta saz guraly gargy tüýdigiň kämilleşdirilen görnüşidir. Gargy tüýdükden tapawutly tarapy fleýtanyň sökülip düzülýän birnäçe böleklerden ybarat bolmagy, şeýle hem tehniki tarapdan giň mümkinçilikler açýan klapanlaryň barlygydyr.
Her bir saz guralynyň özboluşly aýratynlygynyň bolşy ýaly, fleýtada saz çalmagyň, oňa erk etmegiň-de özüne ýetik kynçylyklary, aýratynlyklary bar. Gurluş bölekleri, elde saklanyşy, owaz alnyşy fleýtany beýleki saz gurallardan belli bir derejede tapawutlandyrýar.
Biziň ata Watanymyz Türkmenistanda hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde fleýta saz guralyna aýratyn üns berlip başlandy. Bu saz guraly ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde ýokary derejede okadylýar we öwrenilýär.
Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda hem fleýta saz guralyny öwrenmäge höwes edýänler gün-günden köpelýär.
Gunça NAZAROWA,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe çagalar sungat mekdebiniň fleýta hünäriniň mugallymy.