Esasy Kanunymyz — Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň şanly geçmişini, häzirki bagtyýar döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň beýan edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Şeýle-de bu goşa mukaddeslik halkymyzyň agzybirliginiň, dünýä dolan şan-şöhratynyň beýanydyr. Sebäbi halkymyz Esasy Kanunymyza daýanmak bilen, mukaddes Tugumyzy belentde parladyp, asyrlar boýy eden arzuwlaryny, beýik maksat-tutumlaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Dünýä döwletleri hem-de halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde nusgalyk işleri amala aşyrýar.
Konstitusiýa adamyň we raýatyň hukuklarynyň many-mazmunyny çuňlaşdyrýar, olaryň ösmeginde, kämilleşmeginde esasy binýat bolup durýar.
Esasy Kanunymyz adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýär. Şundan ugur alnyp hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ak ýollaryndan röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda her bir raýatyň azatlyklary hem-de hukuklary pugta goralýar. Sebäbi Konstitusiýamyz biziň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagymyzyň, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmegimiziň, okamagymyzyň hem-de mynasyp dynç almagymyzyň mizemez hukuk binýady bolup durýar.
Ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumlaryň, öňe sürülýän oýlanyşykly başlangyçlaryň, ilkinji nobatda, Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Özgerişleriň, ösüşleriň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa Esasy Kanunymyz täze tutumlara ýol açýar.
Hukuk döwletimizde her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, şol sanda onuň kepilligini ýokarlandyrmakda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary wezipesine girişen ilkinji gününden başlap öňe sürmegi, ýurdumyzda asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, Watanymyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan ýaşaýşy, röwşen geljegi bilen bagly kanunçylygy hem-de hukuk tertibini berkitmek barada edýän talaplary we parasatly hukuk syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýän eziz Diýarymyzda adam hukuklarynyň goraglylygynyň başlangyç esaslaryny emele getirýär.
Orazmuhammet AŞYROW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Daşoguz şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy.