Siziň üçin...

Magtymguly türkmeniň ruhy çyragydyr

06-03-2024 / 5

Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň köp ugurly döredijilik dünýäsi umumadamzat edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orny eýeleýär.

Gündogaryň beýik akyldary hökmünde dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýan we söýlüp okalýan dana şahyrymyzyň şygyrlarynyň her biri ynsanyň kalbynda belent adamkärçilik, watansöýüjilik ýaly arassa ahlakly ýaşamak  duýgularyny oýaryp, ynsan kalbynda uly orun alýar. Şeýle-de şirin dilli söz ussadynyň ylmy garaýyşlarynda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçilýär. Iň ýagşy sözleri, il oňlaýan gylyk-häsiýetleri beýik ussatlyk bilen şygyr setirlerine siňdirip bilmek diňe şeýle ägirtlere başardýandyr.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda millilik bilen birlikde ynsan häsiýetlerini, adamkärçiligiň beýik sypatlaryny kesgitleýän garaýyşlaryň hem agdyklyk edýändigini bellemek gerek. Beýik söz ussadynyň setirlerinde mertlik, ar-namyslyk, kalpy päklik, rehim-şepagatlylyk salyhatlylyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetler çuňňur öz beýanyny tapýar.

Ady äleme dolan beýik söz ussadymyzyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi, ýagny öwüt-ündewleriň şöhlelendiriliş ýagdaýyny yzarlamak, olary ylmy derňewe çekmek, jemgyýetçilige ýetirmek meselesi uly ähmiýete eýedir.

Gülşen ŞÖHRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu