Siziň üçin...

Paýhas äleminiň şamçyragy

06-03-2024 / 4

Kitap — paýhas ummanyndaky ýolgörkeziji şamçyrag. Taryh adamzadyň hat-ýazuwy oýlap tapanyndan soň, hemme ugurda kämilleşip, uly üstünlikleri gazanandygyna şaýatlyk edýär. Ondan ozal jemgyýet üçin peýdaly maglumatlar dilden-dile geçip gelipdir. Ýazuwyň we kitaplaryň döremegi maglumatlaryň ýaýradylmagyny we geljekki nesiller üçin saklanylmagyny üpjün edipdir.

Kitaplar geçmişe syýahat edip, öten günleriň wakalary bilen tanyşmaga hem-de geljek hakynda pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär. Okalan eserlerdäki gahrymanlaryň asylly häsiýetleri ýaşlaryň ýagşy ynsan bolup ýetişmegine, durmuşdaky dürli meselelerde dogry çözgütleri tapmagyna kömek edýär. Kitaplarda gizlenen jadyly güýç ynsany özgertmäge ukyplydyr. Hatda adamzat taryhyna täsirini ýetiren kitaplaryň hem bolandygy bu hakykaty tassyklaýar.

Ruhy-ahlak gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmek wezipesinden başga-da, kitaplar müňýyllyklaryň dowamynda gazanylan ylmy tejribäniň gorudyr. Eger kitaplar ýazylmadyk bolsa, onda adamzadyň bilimleriniň köpüsi ýatdan çykarylyp, siwilizasiýanyň häzirki ösüş derejesini gazanmak mümkin bolmazdy. Şeýle hakykatdan ugur alsaň, kitaplary adamzadyň iň uly oýlap tapyşlarynyň öň hatarynda goýup bolar.

Gadymy döwürlerde kitaplar diňe akyldarlar we gurply adamlar üçin elýeterli baýlyk bolan bolsa, häzir ýagdaý düýbünden başgaça. Indi olar isleg bildirýän her bir adama gujak açýar. Internet ulgamy bolsa müňlerçe kilometr uzakdaky kitaphanalarda saklanýan kitaplar ýa-da birnäçe gün öň çapdan çykan eserler bilen oturan ýeriňden tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin biz ― bagtly nesiller. Çünki kitaplaryň kömegi bilen isle, aň-paýhas ummanyna, isle-de, gyzykly başdangeçirmeleriň ýurduna gaýybana syýahat etmäge mümkinçiligimiz bar.

Oguljan AHMEDOWA,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe kitaphanasynyň direktory.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu