Siziň üçin...

Ene (goşgy)

04-03-2024 / 59

Bir ogul, dokuz gyz dünýä inderip,
Ak süýdüňi berip ulaltdyň, Ene!
Mähir berip öz janyňdan eý görüp,
Başyn sypap, bagra basdyň jan, Ene!

Irden bişen süýdüň gaýmagyn berip,
Geýdirdiň ýüpegi sünnäläp gaýap,
Her ädimde ýörän ýollaryn yzlap,
Ýaman gözden gorap sakladyň, Ene!

Bu ajaýyp döwrüň gadyrny bilip,
Watan duzun haklaň gaýrata galyp,
«Bir okana, birem dokana» diýip,
Danalaryň pähmine uýdurdyň, Ene!

Bu durmuşda bagtdan paýly bolmagy,
Edepli, ekramly, sada bolmagy,
Çeper elli, şeker dilli bolmagy,
Günde müň sargap, müň diläpdiň, Ene!

Bagyňda bişip dur almadyr, naryň,
Baldan-da süýjüdi bişiren nanyň,
Perzentleriň üçin aýaman janyň,
Gije-gündiz diýmän işlärdiň, Ene!

Atam barka arkam dagly ekeni,
Barlygyňyz bagtly günlem ekeni,
Bu gün ýüregime batan tikeni,
Aýryp bilmän çekýän, yzasyn, Ene!

Dert çekip ýataňda, dünýäden doýman,
Ýanyňda bialaç durun jan, Ene!
Özüm dertli kömek berip bilmänim,
Ömür baky wyždan azabym, ENE!!!

Aýna GURBANGELDIÝEWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu