Mekir adam şire-de eýer salar.
* * *
Dagda samsyk ýoldaşdan gork.
* * *
Müň myş-myşdan bir şaýat.
* * *
Durşuň dogry bolsa, kölegäň egriliginden gorkma.
* * *
Az puly aýamasaň, kän pula ýüzüň düşmez.
* * *
Güle bir hepde guwanmak üçin ýylboýy azap çekilýär.
* * *
Wyždany hapa adam gerşi ýagyr at ýaly hemişe biynjalykdyr.
* * *
Suwsap ugranyňdan soňra guýy gazmaga başlama.
Taýýarlan: Gerekgül BAÝRAMDURDYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.