Planetamyzda takmynan, 1 460 000 000 000 000 tonna suw bar. Bu suw dünýäniň umumy meýdanynyň 71 göterimini tutýar. Her ýyl planetamyzyň ýer bölegine10 trillion tonna ygal ýagýar. Ýöne muňa garamazdan, dünýädäki suw ne artýar, ne-de kemelýär. Suwlaryň belli bir mukdary bugaryp, buluda öwrülýärler we ýene-de ýagyş-gar bolup ýere düşýär.
***
Dünýädäki süýji suwlaryň umumy paýy 3% çemesi bolup, onuň hem 98.8%-i buzluklarda we ýerasty suwlarda ýerleşýär. Tutuş süýji suwuň 0.3%-e golaýy derýalarda, köllerde we atmosferada saklanýar, ondan hem az bölegi bolsa, janly organizmlerde ýerleşýär.
***
Ýerdäki suwuň takmynan 96.5%-i ummanlarda ýerleşýär. Galan suw gorunyň 1.7%-ini ýerasty suwlar, ýene 1.7%-ni Antarktidanyň we Grenlandiýanyň buzluklary hem-de buzly örtükleri, uly bolmadyk bölegini derýalardaky, köllerdäki, batgalyklardaky suwlar, 0,001%-ni bolsa, bolutlardaky suwlar emele getirýär.
***
Bir damja suwuň düzüminde 33 trillion molekula bar. Bir stakan suwda bolsa, 8 000 000 000 000 000 000 000 000 (sekiz septillion) molekula bar.
***
Deňiz suwy -2Co temperaturada doňýar. Bu bolsa deňiz suwlarynyň şorlugy bilen düşündirilýär.
***
Alymlaryň çaklamagyna görä, ynsan bütin ömrüniň dowamynda kabul edýän suwunyň mukdary takmynan 35 tonna barabardyr.
***
Suw ynsan ýaşaýyşy üçin zerurlygy boýunça howadan soň ikinji orunda durýan madda hasaplanýar.
***
Adam bedeniniň takmynan 70%-ini suw tutýar.
***
Dünýäde her ýyl suw arkaly döreýän kesellerden takmynan 25 million adam heläk bolýar.
***
Adam bedeninde bar bolan suwuň umumy mukdarynyň 20%-ini ýitirmek ölüm howpludyr. Beýleki tarapdan suwuň gereginden artykmaç kabul edilmegi hem zyýanly. Sebäbi ol bedendäki duzlaryň we suwlaryň deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär.
Taganbibi ÇÜRJÄÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.