Siziň üçin...

Gadymy suw saklaýyş desgasy

02-03-2024 / 7

Käriz — dag gatlaklaryndaky ýerasty suwlary ýokary çykaryp, ekerançylykda peýdalanmak üçin gazylýan guýularyň, ötükleriň ulgamydyr. Ýeriň astynda uzynlygyna gazylýan ötük her 25 — 30 metrden dikligine gazylýan guýa birikdirilýär. Guýy we ötük gazylandaky daşdyr palçyk, gum gowa salnyp, çarh bilen çekilip çykarylýar.

Türkmenistanda käriz, esasan, Köpetdagyň eteklerinde gazylypdyr. Käriziň gözbaşy «peşgar» diýlip atlandyrylypdyr. Käriz suwunyň ýeriň ýüzüne çykýan ýerine bolsa «jalawa» diýlipdir. Kärizleri başga bir kärize we çeşmelere birikdirýän düýbünden geçilýän ötelgä, geçelgä «söw» diýlip aýdylypdyr. Şeýle-de, derýalardan kanallar, nowhanalar gazylyp, uly bentler — suwaryş desgalary gurlup, ekerançylygyň ösmegine giň mümkinçilikler döredilipdir.

Käriz gazýan ussalara «kärizgenler» diýipdirler. Kärizgenler halk arasynda gadymy döwürlerden bäri uly hormat-sylagyň eýesidir.

Türkmenistanda ekin meýdanlaryny kärizler arkaly suwarmak b.e.öňki I müňýyllygyň ortalarynda ýüze çykypdyr. Kärizler Ahemeniler döwründen bäri dagetek ýerlerinde giňden peýdalanylypdyr. Akademik W.W.Bartoldyň berýän maglumatlaryna görä, Ahemeniler döwletiniň demirgazyk welaýatlarynda käriz gurluşy ösüpdir.

Ahemeniler döwründe Parfiýada ekin meýdanlaryny kärizler arkaly suwarandyklaryny taryhçy Polibiý hem belläpdir. Şol döwürde hem kärizleriň suw üpjünçiliginde uly ähmiýetiniň bolandygyna arheologiýa maglumatlary hem şaýatlyk edýär. Kärizleri arassalamak işi örän agyr, çylşyrymly bolup, köp zähmeti talap edýär.

Ýurdumyzdaky kärizler ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklar bolup, häzirki nesilleriň hem ägirt uly baýlygy bolup durýar. Kärizler türkmen topragynda gadymy suw çykaryş desgalarynyň nusgasy we pederlerimiziň gymmatly mirasydyr.

Merdan ALTYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu