Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen, halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Akyldar şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir.
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Bu şygar akyldar şahyrymyzyň bütin dünýäde şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi ugrunda alnyp barylýan buýsandyryjy işleriň giň gerim bilen dowam etdirilýändigini aňladýar.
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge giňden taýýarlyk görülýär. Bu şanly wakany türkmen halky bilen birlikde, bütin dünýäniň halklary hem belläp geçer. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi bolsa il-halkymyzyň köňlüne ganat berdi. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň mazmun taýdan gerimi diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzadyň ykbalyna degişlidir.
Oguljan AŞYROWA,
Daşoguz şäheriniň 22-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.