Ak öýüň beýleki jaýlardan artykmaçlyklarynyň biri — gyşda ony guran badyna içinde ot ýakybermelidigi. Öýüň şekiliniň pelteli çyra çüýşesine meňzeş bolmagy oduň tüssesiniň göni ýokary göterilmegine şert döredýär. Öýüň tegelek şekilli bolmagy amatlylyklaryň ýene biridir.
Ak öýi guranlarynda ylma esaslanypdyrlar. Çarwa zenanlaryna ak öýüň tärimi ik egirmek, ýüp örmek, oňa tow bermek üçin mydama taýýar enjam bolup hyzmat edipdir. Ak öýüň sag tarapyndaky gap böwürde hereket edýän öý bikesiniň ýüzi hemişe günbatara tarap bolupdyr.
Maşgalada ýaş gelin bar bolsa, öýüň gap böwür tarapyndan ak tuty tutupdyrlar. Ony, esasan, gelin iýip-içýän, dynç alýan wagty ulanypdyrlar. Zerur wagty şol böwürde iki tärimiň arasyndan sallançak hem gurlupdyr.
Ak öýüň ortarasynda ojak ýerleşipdir. Girelgäniň garşysynda diwaryň uzynlygyna geýim-gejim üçin iki sany çuwal, ownuk-uşak zatlara niýetlenen torbalar asylypdyr. Girelgäniň sag tarapy gap böwür bolup, tekjeler görnüşinde ýasalan telärde çäýnek-käse, gap-gaçlar goýlupdyr. Sandygyň üstünden ýorgan-düşekler galdyrylypdyr. Gapa ýakyn ýerde çemçe we duz torbalar asylyp, aşagynda, tekjeleriň üstünde suw hem beýleki azyk önümleri, aşhana enjamlary goýlupdyr. Gapynyň çep tarapynda maldarçylyk esbaplary, zähmet gurallary, ätiýaçlyk üçin goýlan azyk önümleri ýerleşdirilipdir. Ortadaky ojagyň daşyna aýlanan sag we çep gonjy bolan ojakbaşy düşegi düşelip, ol keçe, haly görnüşinde bolupdyr.
Halydyr palaslar, keçeler bilen bezelen ak öýlerde türkmeniň owadan kalby, sazlaşykly durmuşy öz beýanyny tapypdyr.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.