Siziň üçin...

Nusgawy şahyrymyzyň watançylyk kelamy

29-02-2024 / 22

«Berkarar döwlet islärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe eden arzuwlary bu günki gün hakykata öwrüldi. Eziz Watanymyzyň binýady gaýym guruldy.

Watan mertebesi merdi-merdanalaryň mertebesine daýanýar. Mert ýigitler Watan üçin hiç zatdan, hatda şirin janyny orta goýmakdanam gaýtmaýar. Halkyň döwletli bolmak islegi akyldar şahyryň baş temasy bolupdyr. Watan, ýurt, dogduk depe, il, halk, bitewülik baradaky setirleriň hemmesi şahyryň döwlet bolmak arzuwlarynyň beýanydyr.

Akyldar şahyr bir hakykata aýdyň göz ýetiripdir. Watan – mukaddes. Şonuň üçin hem Watany mertebelän gerçekler, Watan üçin gara başyny orta goýup, gerek ýerinde şirin janyndan geçen gerçekler baky diridirler. Halk olara hakydasynda hemişelik ömür beripdir. Şahyr mertlik-namartlyk, edermenlik-ýöwsellik meselesinde diňe Watana bähbitlisini wagyz edipdir.

Şygyrlary bilen halky bitewi saklamaga çalşyp, il-ulsy agzybirlige ündän keremli setirleriň eýesi bu günki günde Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent derejede sarpalanýar. Köpetdagyň belent gerşinde 60 metr belentlikde dikeldiljek Gündogaryň beýik akyldarynyň ýadygärligi türkmen halkynyň şygryýetde baky yz goýan söz ussadyna bolan hormatynyň ýene bir ýüze çykmasy bolar. Dagyň üstündäki bürünçden ýasaljak ägirt uly heýkel, misli ýol görkeziji maýak ýaly, bir supra jemlenen halkymyzy çuňňur pelsepe älemine çagyryp durar.

Watan mertebesi beýikdir. Berkarar döwletde ýaşamagyň arzuwynda we milleti şol ajaýyp maksadyň daşynda merdana watançylyk ruhy bilen jebisleşdiren akyldar şahyrymyzyň mertebesi Watan mertebesi ýaly müdimidir.

Gurbanbaý GURBANBAÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 2-nji ýyl harby talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu