Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýene-de toý bolup, bahar-ýaz geldi. Göwünleri ganatlandyrýan, ene topraga bereket nuruny eçilýän bahar biziň ilimize ençeme milli baýramlarymyzy alyp geldi.
Desse-desse güllere, kalbymyzy joşdurýan duýgulara beslenip gelýän baharyň ilkinji aýyny halkymyz 8-nji martda uludan bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni bilen garşy alýar. Hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlaryndan ruhlanýan zenanlarymyz dokma toplumlarynda, haly fabriklerinde, saglyk hem-de syýahatçylyk, bilim we medeniýet, sungat ulgamlarynda, şeýle hem önümçiligiň ähli pudaklarynda döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň has-da beýgelmegine saldamly goşant goşýarlar.
Her bir işinde halkymyzyň, esasan hem, eneleriň bähbitlerini nazarda tutýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş neslimiz hakyndaky alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty bagtyýar geljegimiziň has-da ygtybarly nesiller tarapyndan goraljakdygyndan habar berýär. Eneleriň arzuwy — perzentleriň Watana wepalylyk ruhunda terbiýelenmegi, olaryň ynsaply-ygrarly, beýik adamkärçilikli bolmagy.
Eneleriň islegi — Watanyň parahatçylygy, halkyň agzybirligi. Eneleriň dilegi — ýurtda bolçulyk, jebislik, asudalyk. Diýmek, eneler Zemindäki ýagşylyklaryň ýardamçylarydyr, haýyr-sahawatyň gönezligidir. Özleri hakyndaky belent söýgüden, sylag-hormatdan ruhlanýan bagtyýar zenanlarymyzyň mähirli kalbynda, päk ýüreginde Garaşsyz ýurdumyza, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş şygar edinen ýurt Baştutanymyza buýsanç joş urýar.
Ata Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.
Sumbar MÄMEDBAÝEWA,
TMÝG-niň Darganata etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.